2015-nji ýylyň oktýabr aýynyň 30-yna ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin iňglis dilini okatmak maksatnamasynyň 9-njy okuw tapgyryň ýapylyş dabarasyny geçirdi. Ýapylyş dabarasy Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugynyň Okuw merkezinde geçirildi.
Okuwyň şu ýylda geçirilen 9-njy tapgyryna Türkmenistanyň on sany dürli hukuk goraýjy edaralaryndan 50-den gowrak işgär gatnaşdy. Maksatnamanyň maksady iň soňky döwrebap okuw esbaplar we metodikalar arkaly okuwçylaryň iňglis dilini kämilleşdirmek üçin şertleri döretmek bolup durdy, bu öz nobatynda işgärleriň öz borçlaryny has netijeli ýerine ýetirmekligine, iňglis dilinde hünärlerine degişli edebiýaty bilen tanyşmaga we daşary ýurtly kärdeşleri bilen gatnaşmaga mümkinçilikleri döreder.
Ýapylyş dabarasyna gatnaşan ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Allan Mastard gatnaşyjylary okuwyň üstünlikli tamamlanyşy bilen gutlap, iňlis dilini öwrenmegini her bir pursatdan peýadalanyp dowam etmegi maslahat berdi.