Birleşen Ştatlar Türkmenistanyň köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň (KGÝ) ýaýramagynyň öňüni almak tagallalaryny goldap, okuw maslahatyny geçirýär. 14-18-nji sentýabr aralygynda geçirilen bu okuw maslahaty ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň Halkara howpsuzlygy we yaraglaryň ýaýramazlygy býurosy tarapyndan maliýeleşdirilýän Eksport gözegçiligi we serhetleriň howpsuzlygy (EGSH) maksatnamasynyň ökde maslahatçylary tarapyndan geçirildi. Okuw maslahatynda köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ýaýramagynyň howplary we şol howplara garşy göreşmegiň häzirki zaman usullary öwrenildi. 18-nji sentýabrda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Allan Mastard gutardyş dabarasynda gatnaşyjylara sertifikatlary hem-de maşynlary we otlulary gözegçilikden geçirmekde ulanylýan gurallary gowşurdy.
Gatnaşyjylar bäş günüň dowamynda KGÝ-ny anyklamakda we olaryň ýaýramagynyň öňüni almakda ulanylýan gurallar bilen iş ýüzünde tanyşdylar. Okuw dowamynda maslahatçylar we gatnaşyjylar KGÝ babatynda ýükleri gözden geçirmek, KGÝ-ny anyklamak we olaryň öňüni almak boýunça özara tejribe paýlaşdylar.
Bäş günlük KGÝ okuw maslahatyna Türkmenistanyň halkara araçäklerinde ýükleri gözden geçirmek işini alyp barýan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet serhet gullugynyň hem-de Içeri işler ministrliginiň serkerdeleri gatnaşdylar.
Bu okuw maslahaty barada has doly maglumat üçin ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine 47-35-03 (1) telefon belgisi arkaly ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.