ABŞ we Türkmenistan salgyt boýunça maglumat alyşma barada ylalaşyga gol çekdiler

Aşgabat, 2017-nji ýylyň 28-nji iýuly – ABŞ-nyň ilçisi Allan Mastard we Türkmenistanyň Maliýe ministri Goçmyrat Myradow ABŞ-nyň “Daşary ýurtlarda maliýe edaralarynda bar bolan hasaplar boýunça salgyt hasabatlylygy hakyndaky” kanunyň (FATCA) düzgünnamalaryny durmuşa geçirmek baradaky Hökümetara ylalaşyga gol çekdiler. Bu ylalaşyk daşary ýurtlarda maliýe edaralaryndaky hasaplar boýunça salgyt tölemekden boýun gaçyrýanlaryň öňüni almak babatynda barha artýan halkara hyzmatdaşlygy nygtap has berk, durnukly we jogapkärli bütindünýä maliýe ulgamynyň döredilmegi ugrunda edilen bir ädim bolup durýar.

Ilçi Mastard: “Bugünki gol çekme, daşary ýurtlarda maliýe edaralarynda bar bolan hasaplar boýunça salgyt tölemekden boýun gaçyrýanlara garşy bilelikde geçirýän işimizde uly we ähmiýetli bir ädimdigini alamatlandyrýar. Bu bolsa iki ýurda hem ikitaraplaýyn bähbit getirýän bir maksat bolup durýar. Açaçanlygy we giňişleýin hasabatlylygy artdyrmagyň üsti bilen salgyt tölemekden boýun gaçyrmagyň öňüni almak, üstüni açmak we oňa ýol bermezlik üçin bilelikde iş geçirip, biz has güýçli, has durnukly we has hasabat beriji bir bütindünýä global maliýe ulgamynyň döremegine ýardam edip bileris” diýdi.

Salgyt bilen baglylykda maliýe hasaplar boýunça maglumaty awtomatiki şekilde alyşmak – daşary ýurtlarda maliýe edaralarynda bar bolan hasaplar boýunça salgyt tölemekden boýun gaçyrmagyň azalmagy üçin geçirilýän işde dünýä standarty bolup durýar. 2010-njy ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlary ABŞ-nyň salgyt töleýjileriniň daşary ýurtlarda we ýuridiki çäklerde bar bolan maliýe edaralaryndaky hasaplary boýunça maglumat alyşmany we açaçanlylygy höweslendirmek arkaly daşary ýurtlarda maliýe edaralarynda bar bolan hasaplar boýunça salgyt tölemekden boýun gaçyrmaga garşy göreşmek üçin “Daşary ýurtlarda maliýe edaralarynda hasaplar boýunça salgyt hasabatlylygy hakyndaky” kanunyny (FATCA) kabul etdi. Amerikanyň Birleşen Ştatlary 113-den gowrak ýurtlar we ýuridiki çäkler bilen FATCA kanunyň düzgünnamalaryny durmuşa geçirmek baradaky Hökümetara ylalaşyga gol çekdi.

Doly maglumat üçin ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine 47-35-06 (goşmaça 1) telefon ýa-da irc-ashgabat@state.gov elektron salgysy boýunça ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.