Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda, soňky 14 günüň dowamynda Hytaý Halk Respublikasyna (awtonom sebitler Gonkong we Makao muňa girmeýärler), Eýran Yslam Respublikasyna, Beýik Britaniýa, Irlandiýa Respublikasyna, ýa-da Şengen zolagyna girýän 26 ýurda syýahat eden ABŞ-nyň kanuny raýaty bolmadyk şahslaryň ABŞ-nyň çägine girmegi wagtlaýynça togtadylýar. Eger-de siz Hytaýda, Eýranda, Beýik Britaniýa, Irlandiýa Respublikasyna ýa-da Şengen zolagyna girýän ýurtlarda (Awstriýa, Belgiýa, Çeh Respublikasy, Daniýa, Estoniýa, Finlýandiýa, Fransiýa, Germaniýa, Gresiýa, Wengriýa, Islandiýa, Italiýa, Latwiýa, Lihtenşteýn, Litwa, Lýuksemburg, Malta, Niderlandlar, Norwegiýa, Polşa, Portugaliýa, Slowakiýa, Sloweniýa, Ispaniýa, Şwesiýa we Şweýsariýa) ýaşan bolsaňyz, ýakyn wagtlarda şol ýurtlarda syýahatda bolan bolsaňyz ýa-da Siziň şol ýurtlaryň çaginden tranzit bilen geçmek ýa-da şol ýurtlara syýahat etmek niýetiňiz bar bolsa, Size wiza söhbetdeşliginiň wagtyny şol ýurtlaryň çäginden çykanyňyzdan soň 14 gün yza süýşürmegi maslahat berýäris.