Wiza arza tabşyrýanlar üçin koronawirus (COVID-19) barada möhüm maglumat

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň karary esasynda, soňky 14 günüň dowamynda Hytaý Halk Respublikasyna (awtonom sebitler Gonkong we Makao bu çäklendirmä girmeýärler) we Eýran Yslam Respublikasyna syýahat eden daşary ýurt raýatlarynyň ABŞ-nyň çägine girmegi wagtlaýynça togtadylandyr. Eger-de siz Hytaýda ýa-da Eýranda ýaşaýan bolsaňyz, ýa-da soňky 14 günüň içinde şol ýurtlara gidip gelen bolsaňyz ýa-da ABŞ-a barmazdan ozal şol ýurtlara barmakçy bolsaňyz; dümewe meňzeş näsaglygy başdan geçirýän bolsaňyz ýa-da koronawirus keseli ýokuşandyr diýip çak edýän bolsaňyz, wiza söhbetdeşliginiň wagtyny iň azyndan 14 gün soňa süýşürmegi maslahat berýäris. Söhbetdeşligiň wagtyny üýtgetmek bilen baglanyşykly soraglar boýunça consularashgab@state.gov elektron poçta salgymyz arkaly habarlaşyp bilersiňiz.