2021-nji ýylyň 15-nji apreli. Aşgabat, Türkmenistan – Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýaş hünärmenleri üçin ABŞ-nyň halkara ösüş guramasynyň (USAID) “Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösüşine ýardam bermek” taslamasy tarapyndan we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen hyzmatdaşlykda gurnalan, sanly diplomatiýanyň onlaýn-kursy başlandy. Kurs Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde sanly diplomatiýanyň usullarynyň tapgyrlaýyn durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin ökde hünärmenleriň sanyny köpeltmek boýunça wezipelerine laýyklykda geçirilýär.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimow çäräniň gatnaşyjylaryna wirtual ýüzlenmesinde: “Siziň wezipäňiz – 21-nji asyryň gurallaryny ulanyp, 21-nji asyryň diplomatiýasynyň ussatlary ýaly ýeke-täk maksat bilen – öz ýurduňyz üçin netijeli diplomat bolmakdyr. Şu ýylda biziň ählimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belläris. Diplomatiýa soňky 30 ýylda üýtgemedi, emma siziň ulanmaly gurallaryňyz ewolýusiýany geçirdi!” – diýip aýtdy. Ol şeýle hem, gatnaşyjylarda daşary syýasatyň maksatlaryna ýetmek üçin, şol sanda kiber giňişlikde sanly serişdeleri ulanmagy öwrenmäge höwes döretdi. Ilçi Klimow: “Siz öz maksatlaryňyza ýetmek, ýürekleri we akyllary eýelemek hem-de çözgüt kabul edýänlere täsir etmek üçin, kiber giňişligi özleşdirmeli!”– diýip üstüni ýetirdi.
Sanly we kiber diplomatiýanyň, emeli intellektiň, kiber howpsuzlygyň we sanly eýýamda üýtgäp duran dünýä düzgüniniň ugurlaryny öz içine alýan onlaýn-kursy, diplomatiýa boýunça öňde baryjy dünýä ekspertleri tarapyndan işlenilip taýýarlanylan we Global diplomatiýa forum Britan onlaýn-akademiýasy tarapyndan geçirilýär. Dört hepdäniň dowamynda gatnaşýan daşary işler ministrligiň ýaş hünärmenleri sanly diplomatiýanyň öňde baryjy halkara tejribesini özleşdirerler.
Şugünki çäre – USAID-iň “Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösüşine ýardam bermek” taslamasy tarapyndan Türkmenistanyň ýaşlarynyň ýerli ykdysadyýete we jemgyýete goşandyny goşmak ukyplaryny berkitmek üçin geçirilýän köp çäreleriň biri bolup durýar. 2017-nji ýyldan bäri bu işiň çäklerinde Türkmenistanyň 3000-den gowrak ýaş adamlary üçin telekeçiligiň we işe taýýarlygyň endiklerini ösdürmegiň maksatnamalary ýerine ýetirildi, bu bolsa, olara karýerada we şahsy durmuşda üstünlige ýetmäge mümkinçilik berdi. USAID-iň “Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösüşine ýardam bermek” taslamasy Türkmenistanda JA Worldwide tarapyndan Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesi bilen hyzmatdaşlykda ýerine ýetirilýär.
###
USAID – bütin dünýäde ösüş boýunça öňde baryjy halkara guramasy we ösüş boýunça netijelere ýetmäge ýardam berýän katalizator. Merkezi Aziýada USAID barada goşmaça maglumat almak üçin https://www.usaid.gov/central-asia-regional saýta giriň.