2022-nji ýylyň 19 iýuly, Aşgabat, Türkmenistan – Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş guramasy (USAID) Türkmenistanda ýaşaýan eşidiş taýdan maýyp adamlara jemgyýetiň has elýeterli bolmagy babatda iş alyp barýar.
Şu gün Türkmenistanyň “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” taslamasy Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýeti (TKKJ) bilen bilelikde we Malaýziýa Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde bütin Türkmenistanyň el hereket arkaly diliniň terjimeçileriniň endiklerini ösdürmek boýunça bir aýlyk okuw maksatnamasynyň birinji tapgyryny tamamlady.
Ýerli we daşary ýurt bilermenleri tarapyndan geçirilýän okuwlar Türkmenistanyň hökümetiniň eşidiş ukyplary kemçilikli adamlar üçin hyzmatlarynyň elýeterligi we üpjünçiligi boýunça maksatlaryny goldar. Bu okuwyň dowamlylygy 271 sagat bolup, onuň netijesinde 12 sany surdo terjimeçi okadyldy.
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň guramalary eşidiş ukyplary kemçilikli adamlar bilen gepleşmek üçin surdoterjimeçileri ulananda öz işlerini has netijeli ýerine ýetirýärler. Öz eden çykyşynda USAID-iň Türkmenistandaky wekili hanym Nino Nadiradze: “Professional surdoterjimeçiler eşidiş ukyplary kemçilikli adamlaryň jemgyýete goşulmagyny üpjün edip, olaryň durmuşyny has amatly edýärler. Surdoterjimeçiler üçin täze bilim çeşmelerini açmaklyk meniň üçin uly höwes döredýär” diýip öz çykyşynda belledi.
Malaziýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili, jenap Haýrul Hezri Arifin USAID-iň ýurtdaky wekiliniň aýdanlaryny tassyklap, bu okuwyň jemgyýet üçin has uly mümkinçilikleri açjakdygyna umyt bildirdi. Şeýle hem ol USAID-e we Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýetine bu maksatnamany goldamaga beren mümkinçilikleri üçin minnetdarlyk sözlerini bildirdi.
Okuwyň ikinji tapgyry iyul aýynyň 30-na çenli dowam edip, onuň maksady Türkmenistanda täze başlangyç – eşidiş ukyplary kemçilikli adamlar üçin wideoşekil boýunça terjimeçi hyzmatlaryny üpjün edýän “Surdoterjimeçileriň Dispetçer gullugy” üçin ýokary derejeli surdoterjimeçileri taýýarlamak bolup durýar. USAID-iň ýardam bermegi bilen, gulluk TKKJ tarapyndan dörediler we dolandyrylar. Bu USAID-iň Türkmenistanyň hökümeti, ýerli jemgyýetçilik guramalar we beýleki diplomatik wekillikler bilen ilatyň ejiz toparlarynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin dürli hyzmatlary amala aşyrýan inklýuziw jemgyýeti gurmaklykda üstünlikli hyzmatdaşlygynyň ýene-de bir mysaly bolup durýar.
USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän we QED Group LLC tarapyndan ýerine ýetirilýän “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” taslamasy Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda öz işini alyp barýar. Bu taslama ýurdumyzdaky döwlet edaralarynyň netijeliligini, hasabatlylygyny we aýanlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
###
USAID – öňdebaryjy halkara ösüş guramasy hem-de durnukly ösüşiniň ýardam berijisi. Has giňişleýin maglumat almak üçin USAID-iň Merkezi Aziýa https://www.usaid.gov/central-asia-regional web-sahypasyna giriň.