Türkmenistan, Aşgabat, 2022-nji ýylyň 8-nji fewraly – ABŞ-nyň Halkara Ösüş Guramasy (USAID) tarapyndan maliýeleşdirilýän we Merkezi Aziýanyň hökümet we jemgyýetçilik guramalarynyň hyzmatdaşlygy bilen “Winrock International” guramasy tarapyndan amala aşyrylýan “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” taslamasy, bütin dünýä boýunça çagalaryň we ýaşlaryň onlaýn tehnologiýalary has howpsuz we jogapkärli ulanmagyna kömek bermek maksady bilen her ýyl 8-nji fewralda bellenilýän Howpsuz Internet gününe bagyşlanan onlaýn kampaniýasyny geçirmegi göz öňünde tutýar.
Bu ýylky kampaniýanyň mowzugy “Has gowy Internet üçin bilelikde”. “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” guramasy we onuň hyzmatdaşlary dürli onlaýn platformalarynda iş barada ýalan habarlar arkaly adam söwdasyna gatnaşmak howpy barada jemgyýetiň habarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen birleşdiler.
Bütin dünýäde Internediň ulanylyşy artýar we jemgyýetçilik işjeňliginiň uly göwrümi sanly platformalara geçýär. Adam söwdasy bilen meşgullanýan şahslar, ekspluatasiýany dowam etdirmek üçin adamlary işe almak üçin jemgyýetçilik internet torlaryny ulanyp başladylar.
BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň 2020-nji ýyl boýunça global adam söwdasy baradaky hasabatyna görä, adam söwdasy bilen baglanyşykly çäklendirilen kazyýet işleriniň birinde 2009-njy ýyldan bäri 79 kazyýet işiniň arasynda jemgyýetçilik internet torlary arkaly işe alnan pidalaryň sany noldan 51 göterime çenli ýokarlandy. ÝHHG / DIAHB / BMG Aýal-gyzlar global soragnamasy, COVID-19 pandemiýasy wagtynda adam söwdasy bilen meşgullanýan şahslar tarapyndan onlaýn işe alynmak, gruming we ekspluatasiýa giňden ulanylandygyny görkezýär.
Bu hadysa barada jemgyýetiň habarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” guramasy adam söwdasy bilen meşgullanýanlaryň Internetde ýalan iş orunlar we işe kabul etmegiň düzgünleri barada ýalan mahabatlar barada duýduryş berýän birnäçe gysgaça wideo rolikleri taýýarlaýar. Wideolar “Merkezi Aziýada USAID” (USAID Central Asia) YouTube kanalynda ýerleşdirilen. Merkezi Aziýadaky hyzmatdaş hökümet we jemgyýetçilik guramalary bu wideolary, şol sanda internet ulgamynda öz platformalarynda hem ýaýradýarlar. Mundan başga-da, bütin sebitiň jemgyýetçilik guramalary bu gün howpsuz Internet we adam söwdasynyň pidasy bolmaga ýol bermezlik üçin habarlylygy ýokarlandyrmak maksady bilen dürli jemgyýetçilik çärelerini geçirýärler.
###
USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” taslamasy Gazagystanda, Gyrgyzystan Respublikasynda, Türkmenistanda we Özbegistanda “Winrock International” guramasy tarapyndan amala aşyrylýar. Bu taslama, adam söwdasyna garşy göreşmek, jebir çekenleri goramak we howpsuz migrasiýa ýardam bermek maksady bilen hökümetleriň, jemgyýetçilik guramalaryň we hususy pudagyň özara jogapkärçiligini we netijeliligini güýçlendirmek üçin hakyky maglumatlara esaslanýan usullary we serhetara aragatnaşyklary ulanýan bäş ýyllyk başlangyçdyr. Bu taslama, migrasiýa tejribesini kämilleşdirmek we ekspluatasiýanyň öňüni almak üçin ýerli häkimiýetler, raýat jemgyýeti we hususy pudak bilen ýakyn hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar. USAID-iň Merkezi Aziýadaky işleri barada has giňişleýin maglumaty şu salgyda berilýär: https://www.usaid.gov/central-asia-regional.