USAID «Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösüşine ýardam bermek» maksatnamasynyň tamamlanandygy barada habar berýär

2021-nji ýylyň 9-njy sentýabry, Aşgabat, Türkmenistan – ABŞ-nyň halkara ösüş guramasy dünýädäki ýaşlara hyzmat etmekde iň uly we iri hökümete degişli bolmadyk JA Worldwide tarapyndan ýerine ýetirilen, USAID-ň «Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösüşine ýardam bermek» atly dört ýyllyk taslamasy üstünlikli tamamlanmagyny belleýär. Taslama türkmen ýaşlaryň ýerli ykdysadyýete we jemgyýete öz goşandyny goşmak potensialyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendi.

USAID Announces Completion of USAID Enriching Youth for Tomorrow Program

Taslama Türkmenistanyň ýaşlarynyň zähmet bazaryna we raýat jemgyýetine işjeň gatnaşmagyny öňe sürmekde, dürli derejelerde ykrar edilen uly netijelere ýetmek üçin, Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesi we beýleki milli jemgyýetçilik guramalar bilen, şeýle hem, hususy pudakdan 50-den gowrak hyzmatdaşlar bilen, döwlet we halkara guramalar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda işlediler.

Taslama 8,000-den gowrak ýaşlara özleriniň telekeçilik, sanly endiklerini we işe taýýarlyk endiklerini gowulandyrmakda mümkinçilik berdi, olardan 5,360 sany ýaşlar işe ýerleşdiler, öz girdejilerini ýokarlandyrdylar ýa-da hususy telekeçilige başladylar.

Tejribelik maksatnamalaryň kömegi bilen, taslama ýaşlara hususy pudakda iş tejribäni geçmegiň ýoluny giňeltdi, şonuň bilen birlikde bilim ulgamy bilen iş berijileriň arasyndaky aragatnaşygy berkitdi. Mundan beýlägem, “Startap-ekoulgam” maksatnamanyň ýerine ýetirilişi bilen Türkmenistan üçin biznes-inkubasiýa usullarynyň mümkinçiliklerini görkezilişi boldy we 249 sany ýaş telekeçileri 102 startap-taslamalaryny döretmäge ruhlandyrdy.

Taslama şeýle hem, Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesinde Sanly ykdysadyýetiň, telekeçiligiň we innowasiýanyň merkezini döretmäge ýardam berdi, bu ýerde 350-den gowrak bilim ulgamyndaky hünärmenler we işewür-trenerler öz sanly kompetensiýalaryny, ýagny ukyplaryny ýokarlandyrdylar.

2,000-den gowrak meýletinçiler we ýaşlar uçurymlar üçin maksatnamalara we maglumat aksiýalaryna gatnaşdylar. Bu başlangyçlar jemgyýete gender deňligi, inklýuziwlik we gowşak ýaşlar üçin deň mümkinçilikler, adam söwdasynyň pidalarynyň reintegrasiýasy ýaly temalar barada bilmäge mümkinçilik berdiler, şeýle-de, zenanlar üçin ylym, tehnologiýalar, inžiniring we matematika (STEM) ugurlarynda bilimi öňe sürmäge ýardam berdiler.

USAID Announces Completion of USAID Enriching Youth for Tomorrow Program

USAID Announces Completion of USAID Enriching Youth for Tomorrow Program

“Startap-ekoulgam – 2021” maksatnamanyň ýeňijilerini sylaglamagyň onlaýn-dabarasynyň dowamynda, JA Worldwide ösüşi boýunça global direktory Brendi Konforti şeýle diýdi: “Biz taslamanyň Türkmenistanyň ýaşlarynyň ösüşine goşant goşandygyna örän buýsanýarys. Biz taslamanyň öňde baryjy tejribesiniň we ýaşlaryň maksatnamalarynyň girizilmeginiň netijeleriniň Türkmenistanda mundan beýläk durnukly ösüş üçin esas goýandygyna bil baglaýarys”.

Türkmenistanda ABŞ-ň ilçisi Mettýu S. Klimow aýtdy: “Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösüşine ýardam bermek” taslamasynyň üstünliginiň netijesinde türkmen ýaşlarynda hususy sektorda işlemek ýa-da telekeçi bolmak mümkinçilikleri artdy. ABŞ-ň hökümeti mundan beýlägem, ýaşlaryň üstünliklerini artdyrmak üçin we olary endikler bilen üpjün etmäge durnukly çemeleşmeleri goldamagy dowam eder.”

7-nji sentýabrda ABŞ-ň hökümeti ýerli ykdysadyýetiň talaplaryna laýyklykda, Türkmenistanyň ýaşlarynyň kwalifikasiýalaryny kämilleşdirmek maksady bilen, ýaşlaryň zerurlyklaryny kesgitlemek we hususy sektor bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ýaşlary gatnaşdyrýan, täze bäş ýyllyk taslamanyň başlanmagy barada habar berdi. Taslama iş bilen üpjün edijileriň zerurlyklarynyň we zähmet bazaryndaky häzirki endikleriň arasyndaky laýyk gelmezlikleri aýyrmaklyga gönükdiriler.

###

USAID dünýädäki esasy halkara ösüş we ösüşiň netijelerini herekete getirýän katalitik guramasydyr. Has giňişleýin maglumat üçin sebitleýin: https://www.usaid.gov/central-asia-regional we USAID-iň Facebook: https://www.facebook.com/USAIDCentralAsia sahypalaryna giriň.