2021-nji ýylyň 5-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan – Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Guramasy (USAID) şu gün Türkmenistanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Özbegistanda amala aşyryljak we umumy maliýesi 19 million Amerikan dollara deň bolan Merkezi Aziýa Söwda Maksatnamasynyň başlandygyny habar berdi. Täze taslama USAID-iň ýyllar boýy sebitleýin söwdany ýeňilleşdirmekde, telekeçiligi ösdürmekde we sebitleýin gatnaşykda gazanan üstünliklerine esaslanar. USAID-iň Merkezi Aziýa Söwda Maksatnamasy üç esasy strategiki maksada ýetmek üçin döwlet we hususy pudaklara tehniki ýardamy berer.
Maksatnamanyň ilkinji işi, maliýe we wagt çykdajylaryny azaltmak, şeýle hem sebitdäki ykdysady ösüşi höweslendirmek üçin gümrük we serhet gözegçilik proseduralaryny sazlaşdyrmaga gönükdiriler. Ikinjiden, maksatnama ösüşi höweslendirýän we maýa goýumlaryň akymyny üpjün edýän özgertmeleri amala aşyryp döwlet we hususy hyzmatdaşlygy güýçlendirer. Üçünjiden, gyzyklanýan taraplar bilen Merkezi Aziýa sebitinde we beýleki çäklerde serhetaşa söwdanyň mukdaryny ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp barylar.
###
USAID dünýäde öňdebaryjy halkara ösüş guramasy we ösüş netijelerine ýetmek üçin katalizator bolup durýar. Has giňişleýin maglumat üçin USAID-Merkezi Aziýa we Facebook web sahypalaryna girip bilersiňiz.