USAID Türkmenistanda ýaşlary ösdürmek diýen täze maksatnamany yglan edýär

2021-nji ýylyň 7-nji sentýabry, Aşgabat, Türkmenistan – 3-nji sentýabrda ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy (USAID) Türkmenistanda ýaşlary ösdürmek diýen täze maksatnamany yglan etdi. Bäş ýyllyk USAID-iň Ýaşlary Ösdürmek maksatnamasy QED Group kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylar we Türkmenistanly ýaşlary iş mümkinçilikleri bilen baglanyşdyrmak we ýaşlar bilen zähmet bazary arasynda durnukly baglanyşygy döretmek üçin USAID geçen we häzirki tejribelerini ulanar.

USAID Türkmenistanda ýaşlary ösdürmek diýen täze maksatnamany yglan edýär

USAID Türkmenistanda ýaşlary ösdürmek diýen täze maksatnamany yglan edýär

Täze maksatnama ýaşlaryň isleglerini kesgitlemekde olar bilen işleşer we içerki ykdysadyýetiň zerurlyklaryna jogap berýän has ökde Türkmenstanly ýaşlary ösmek üçin hususy pudak bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar. Maksatnama iş berijiler tarapyndan talap edilýän we zähmet bazaryndaky häzirki başarnyklaryň arasyndaky başarnyk boşlugyny aradan aýyrmaga gönükdiriler.

###

USAID dünýädäki esasy halkara ösüş we ösüşiň netijelerini herekete getirýän katalitik guramasydyr. Has giňişleýin maglumat üçin sebitleýin: https://www.usaid.gov/central-asia-regional we USAID-iň Facebook: https://www.facebook.com/USAIDCentralAsia sahypalaryna giriň.