2018-nji ýylyň 24-nji maýy, Aşgabat şäheri – Düýn ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy (USAID) Türkmenistanyň ulag we logistika kompaniýalaryň dolandyryş işlerini ýokarlandyrmak hem-de olaryň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen işläp taýýarlan bäş günlik iş maslahatyny tamamlady. Söwda senagatynyň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin Türkmenistan birnäçe uly göwrümli infrastruktura taslamalaryny gurnady, ýöne ýerli ulag we logistika kompaniýalar netijeli dolandyryş praktikany ulanmasalar, söwda senagatyny ösdürmek üçin döredilen bu mümkinçiliklerden doly peýdalanyp bilmezler.
Kompaniýalara resminamalarynyň möçberini we hyzmat üpjünçiliginiň çykdaýjylaryny peseltmek üçin, özleriniň iş kadalaryny we hereketlerini gutarnykly bir tertibe salmaga mümkinçilik döredýän utgaşdyrylan dolandyryş ulgamynyň peýdaly taraplary barada iş maslahatynda durlup geçildi. Bu çärä gatnaşyjylar Halkara Ülňüler guramasynyň (ISO) hil, tebigi gurşawy dolandyrmak we iş ýerlerinde saglygy we howpsuzlygy üpjün etmek ýaly meselelere bagly bolan dolandyryş ulgamlaryna toplumy utgaşdyrmak boýunça aýratyn maslahat geçirdiler. Halkara Ülňüler guramasy (ISO) özbaşdak, döwlete degişli däl halkara guramasydyr. Ol innowasiýalara goldaw bermek we global meselelere çözgüt tapmak maksady bilen meýletin we razylaşyk esasynda bolan hem-de söwda bazarlaryna laýyk gelýän ülňüleri işläp taýýarlaýar.
Ýerli ulag kompaniýasynyň kargo işleri boýunça dolandyryjysy şeýle diýdi, “ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň (USAID) goldawy bilen geçirilen iş maslahatynyň netijesinde biziň kompaniýamyz Halkara Ülňüler guramasynyň hili, daşky gurşawy we iş orunlaryndaky saglyk we howpsuzlygy goramak bilen bagly ülňüleriniň peýdaly taraplaryna indi aýdyň düşünýär. Biz ýakyn geljekde utgaşdyrylan dolandyryş ulgamyny ýola goýmagy göz öňünde tutýarys.”
USAID-iň Merkezi Aziýa boýunça bäsdeşige ukyplylygy, söwda we iş ýerleri döretmek baradaky taslamasy köpugurly we bäsdeşige ukyply bazar ykdysadyýetine goldaw bermek we kompaniýalaryň söwda bazarlyrynda ýüze çykyp bilýän oňaýsyz dolandyryş ulgamlary ýaly meseleleri barada maslahat bermek bilen ýurtlara eksport esasyndaky ösüşi ýokarlandyrmaga kömek berýär.
Goşmaça maglumatlar üçin ABŞ-nyň Halkara ösüş (USAID) guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça bäsdeşige ukyplylygy, söwda we iş ýerleri döretmek baradaky taslamasynyň aragatnaşyk müdiri Assel Çoýbekowa bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris. Telefon belgisi: +7 701 756 33 67, elektron poçtasy Assel_Choibekova@dai.com.