USAID türkmen startaplarynyň üstünlige ýetmegini tizleşdirýär

2021-nji ýylyň 27-nji awgusty, Aşgabat, Türkmenistan – Şu gün ABŞ-ň Halkara ösüş guramasy (USAID), ýagny USAID-yň “Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösüşine ýardam bermek” taslamasy we USAID-yň Telekeçiligi ösdürmek boýunça taslamasy tarapyndan Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesi bilen bilelikde geçirilen “Startap-ekoulgam 2021” maksatnamasynyň jemleýji bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi.

USAID türkmen startaplarynyň üstünlige ýetmegini tizleşdirýär

Maksatnamanyň üç aýynyň dowamynda 127 sany ýaş telekeçiler biznes-treningleriň, toparlaýyn we şahsy halypaçylygyň, şeýle-de maslahat we kouçing sessiýalarynyň toplumyna gatnaşdylar. Biznesi ösdürmek we öwretmek boýunça ýedi sany ýerli firma mentorlar hökmünde çykyş etdiler, ýaş telekeçileriň biznes-modellerine baha berdiler we olaryň ösüş strategiýalaryny takyklamaga kömek berdiler. Maksatnamanyň ahyrynda 14 sany finala çykan startaplar eminler toparyny öz önümleri we biznes düşünjeleri bilen tanyşdyrdylar. Ýedi sany ýeňiji öz baýraklaryny we Gazagystanda sebitleýin bäsleşige gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. Walentina Pogibina we Röwşen Çarygeldiýew tarapyndan esaslandyrylan “Valio” atly tehnologiýalary ulanmak arkaly arassalaýyş hyzmatlaryny hödürleýän startap düýpli geçiren bäsleşlik seljermesi, jikme-jik maliýe çaklamalary we Aşgabadyň bazarynda hyzmatlaryny hödürläp başlanlygy zerarly birinji ýere eýe boldy.

Walentina Pogibina we Röwşen Çarygeldiýew tarapyndan esaslandyrylan “Valio” atly tehnologiýalary ulanmak arkaly arassalaýyş hyzmatlaryny hödürleýän startap düýpli geçiren bäsleşlik seljermesi, jikme-jik maliýe çaklamalary we Aşgabadyň bazarynda hyzmatlaryny hödürläp başlanlygy zerarly birinji ýere eýe boldy.

Walentina Pogibina we Röwşen Çarygeldiýew tarapyndan esaslandyrylan “Valio” atly tehnologiýalary ulanmak arkaly arassalaýyş hyzmatlaryny hödürleýän startap düýpli geçiren bäsleşlik seljermesi, jikme-jik maliýe çaklamalary we Aşgabadyň bazarynda hyzmatlaryny hödürläp başlanlygy zerarly birinji ýere eýe boldy.

150 sany startapçylardan, mentor kompaniýalaryň wekillerinden, halypalardan, ähtimal maýadarlardan we emin agzalaryndan ybarat bolan onlaýn-gatnaşyjylara ýüzlenmek bilen, ABŞ‑nyň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu S. Klimow ýeňijileri hem-de ähli startaplary olaryň oý-pikirleriniň hakyky önümlere üstünlikli amala aşyrylmagy bilen gutlady. “Öz startaplaryňyzy ösdürmek bilen, siz öz ýurduňyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine ýardam edýärsiňiz. Diňe bir aragatnaşyk ýa-da tehnologiýa pudaklarynda däl-de, eýsem oba hojalyk, azyk we dokma senagaty ýaly, ýagny has adaty hasaplanylýan pudaklara hem innowasion we kreatiw sanly çözgütleri ornaşdyrmak ýoly bilen goşandyňyzy goşýarsyňyz”, – diýip, ABŞ-nyň ilçisi belledi. Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesiniň ýolbaşçysy Ýuriý Aronskiý öz çykyşynda Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň we hökümetiň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ylma, tehnologiýalara we bilime gönükdirmegiň wajyplygyny nygtady.

Ikinji ýyl yzygiderli geçirilýän “Startap-ekoulgam 2021” maksatnamasynyň esasy maksatlary – ýaş telekeçileriň innowasion ideýalaryny goldaýan startaplaryň ýerli inkubatorlaryny we akseleratorlaryny döretmek we berkitmek, şeýle hem Türkmenistanyň we Merkezi Aziýanyň çäklerinde biznes halypalarynyň we wençur maýadarlarynyň jemgyýetçiliginiň döremegine goldaw bermeklik bolup durýar.

###

USAID – dünýäde halkara ösüşiň öňde baryjy guramasy we ösüşiň netijelerini almak üçin katalizator. Goşmaça maglumaty almak üçin: https://www.usaid.gov/central-asia-regional saýta giriň.