USAID Türkmenistanda Halkara zenanlar gününi belleýär

2021-nji ýylyň 5-nji marty. Aşgabat, Türkmenistan – şu gün ABŞ-ň halkara ösüş boýunça Guramasynyň (USAID) “Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösüşine ýardam bermek” taslamasy, ýakynlap gelýän Halkara zenanlar güni bolan 8-nji marta bagyşlap, taslamanyň peýdalanyjylary – zenanlaryň üstünliklerini bellemek üçin, wirtual baýramçylyk gurady.

Çärä gatnaşmak bilen, ABŞ-ň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimou belledi: “Gender deňligi – Birleşen Ştatlarynyň esasy ileri tutulýan meseleleriniň biri bolup durýar. Zenanlaryň ykdysadyýete gatnaşmagy bütin dünýäde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmegiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. USAID arkaly biz zenanlara ykdysady ösüşiň hereketlendiriji güýji bolmaga kömek berýäris. Meniň üçin bu gün şu ýerde bolmak we Türkmenistanda köp zenanlar we gyzlar üçin geljekki üstünlige ýol açýan, siziň ýeňişleriňiziň hem-de üstünlikleriňiziň şaýady bolmak uly hormatdyr.”

Çärä “Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösüşine ýardam bermek” taslamasynyň 15 uçurymy spiker hökmünde we işewürligiň, jemgiýetçilik we halkara guramalaryň wekillerini, hem-de taslamanyň maksatnamalarynyň ýaş gatnaşyjylaryny goşmak bilen, 120 gatnaşyjylar gatnaşdylar.

Şu günki çäre –  USAID-ň “Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösüşine ýardam bermek” taslamasy tarapyndan ýurduň ýaşlarynyň ýerli ykdysadyýete we jemgyýete goşandyny goşmak ukyplaryny berkitmek üçin geçirilýän köp çäreleriniň biridir. 2017-nji ýyldan bäri taslama Türkmenistanyň 3000-den gowrak ýaş adamlary üçin telekeçiligiň we işe taýýarlygyň endiklerini ösdürmek boýunça taslamalary ýerine ýetirdi, bu bolsa, olara karýerada, işe ýerleşmekde we şahsy durmuşda üstünlige ýetmäge mümkinçilik berdi.

USAID-ň “Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösüşine ýardam bermek” taslamasy Türkmenistanda JA Worldwide tarapyndan zenan-telekeçiler tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän guramalary goşmak bilen, ýerli hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlykda ýerine ýetirilýär.

###

USAID bütin dünýäde halkara ösüşiň öňde baryjy agentligi we ösüşiň netijeleriniň katalizatory bolup durýar. Merkezi Aziýada USAID barada goşmaça maglumat üçin https://www.usaid.gov/central-asia-regional saýta giriň.