Merkezi Aziýadaky USAID, Guramanyň 60 Ýyllygyny we Ýerli Ösüşiň 30 Ýyllygyny Belleýär

Bada-bat ýaýratmak üçin
2021-nji ýylyň 3-nji noýabry

Aşgabat, Türkmenistan: 3-nji noýabrda ABŞ-nyň Halkara Ösüş Guramasy (USAID) Prezident Jon F. Kenedi tarapyndan döredilenine 60 ýyl dolup, möhüm senäni ýatlaýar. USAID-yň sebitleýin Merkezi Aziýa wekilhanasy, guramanyň 60 ýyllygyny bellemek üçin bütindünýä baýramçylygyna goşulýar. Altmyş ýylyň dowamynda, USAID jemgyýetleri berkitmek we durmuşy gowulandyrmak üçin dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk edip halkara ösüşde dünýäde öňdebaryjy gurama hökmünde özüni tanatdy.

Dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda, USAID adamlara ýardam bermek, mätäçligi azaltmak, demokratik dolandyryşy güýçlendirmek we saglygy goraýyş, bilim we ykdysadyýeti gowulandyrmak üçin ösüş we ynsanperwerlik taslamalar boýunça hyzmatdaşlary bilen işleýär.

1991-nji ýyldan bäri, USAID Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tutanýerli hyzmatdaşy bolup durýar. Häzirki wagtda, USAID Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistanyň hökümetleri we halky bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýär. USAID, islendik hyzmatdaşlary bilen syýasy, ykdysady we howpsuzlyk bähbitlerine garaýan durnukly we gülläp ösýän Merkezi Aziýany; dünýä bazarlary bilen gatnaşykda we halkara maýa goýumlary üçin açyk Merkezi Aziýany; güýçli, demokratik institutly, kanunyň hökmürowanlygyna we adam hukuklaryna hormat goýýan Merkezi Aziýany goldaýar.

Administrator Samanta Pauer global ösüşe bolan garaýşyny we bu wezipede ileri tutýan ugurlaryny beýan edip çykyş eder. Has giňişleýin maglumat üçin USAID-iň Merkezi Aziýa web sahypasyna we USAID-iň Merkezi Aziýa Feýsbuk sahypasyna giriň.