ÝUSAID-iň okuwy ätiýaçlandyryş hyzmatlaryna bagyşlanýar

Düýn ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (ÝUSAID) Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda we “Şewron” kompaniýasynyň ýardamy bilen “Ätiýaçlandyryş önümleriniň we hyzmatlarynyň täze görnüşleri” atly bir hepdelik okuw kursuny başlady. Bu okuw ätiýaçlandyryş bazarlarynyň milli ykdysady ösüşe ýetirýän täsirini, häzirki zaman ätiýaçlandyryş bazarlarynyň hereket edişini we ätiýaçlandyryş önümleriň we hyzmatlaryň dürli görnüşlerini, şol sanda hökmany görnüşleri, fiziki we ýuridiki şahslar üçin hödürlenilýän görnüşleri öwrenmeklige bagyşlanar. Seminaryň dowamynda şeýle hem ýokarky agzalyp geçilen mowzuklar boýunça käbir ýurtlaryň tejribelerine we mysallaryna serediler.

Bu okuwa Türkmenistanyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň we “Ätiýaçlandyryş hyzmatlary” atly paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleriniň 26-sy gatnaşýar. Bu seminary ätiýaçlandyryş ulgamynda onlarça ýyl tejribesi bolan ökde hünärmen jenap Howard Millz alyp barýar.