USAID-iň administratorynyň kömekçisiniň orunbasary Türkmenistana birinji resmi saparynda söwda we hyzmatdaşlyga ýardam berýär

USAID-iň administratorynyň kömekçisiniň orunbasary Türkmenistana birinji resmi saparynda söwda we hyzmatdaşlyga ýardam berýär

2018-nji ýylyň 14-nji iýuny, Aşgabat şäheri – ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň (USAID) Merkezi we Günorta Aziýa boýunça administratorynyň kömekçisiniň orunbasary jenap Hawiýer Piýedra Merkezi Aziýa ilkinji iş saparynyň dowamynda Türkmenistana geldi. Jenap Pýedra USAID-iň taslamalarynyň maýa goýum klimatyny berkitmek we hususy pudaga ýardam bermek arkaly Türkmenistana nähili bähbit berýändigine iş üstünde göz ýitermek üçin Türkmenabada we Aşgabada geldi.

Türkmenabatda jenap Pýedra ABŞ-nyň maýa goýum klimatyny kämilleşdirmek babatda tagallalaryny maslahatlaşmak üçin telekeçiler topary bilen duşuşdy. Aşgabatda ol Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan döredilen we USAID tarapyndan ýardam berilen hususy pudaga degişli iýmit howpsuzlygy boýunça barlaghana bardy. Şeýle hem ol hökümet ýolbaşçylary bilen USAID-iň ýardamy we ýurtdaky hyzmatdaşlygy barada pikir alyşmak üçin duşuşdy.

USAID ykdysady ösüş taslamalaryna ýardam bermek, kärhanalaryň önümçiligini we girdeýjiligini ösdürmek we hökümet guramalary bilen energetika we söwda pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagy utgaşdyrmak bilen öz işini 1992-nji ýylda başlady.

Administratorynyň kömekçisiniň orunbasary jenap Hawiýer Piýedra sebitde USAID-iň ösüş pudagyna bolan ýardamyna, hususanda, ykdysadyýeti, söwdany we sebitleýin hem-de global bazarynyň we institutlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy, eksporty ýokarlandyrmagy, hususy pudagy ösdürmegi we hökümet maliýe dolandyrmagyň berkemegi we diwersifikasiýasy boýunça maksatnamalara gözegçilik edýär.