USAID Türkmenistandaky startaplara üstünlik gazanmaga kömek edýär

2020-nji ýylyň 23-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan – Şu gün ABŞ-ň Halkara ösüş guramasy (USAID), “Üstünlikli geljek üçin ýaşlaryň ösüşine ýardam bermek” USAID-ň taslamasy, Telekeçiligi ösdürmek boýunça boýunça USAID-ň taslamasy hem-de Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesi bilen bilelikde geçirilen “Startap-ekoulgam” maksatnamasynyň üç günlük bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi.

Maksatnamanyň dört aýynyň dowamynda 122 sany ýaş telekeçiler biznes-treningleriň, toparlaýyn we şahsy halypaçylygyň, şeýle-de, maslahat we kouçing sessiýalarynyň toplumyna gatnaşdylar. Biznesi ösdürmek we öwretmek boýunça alty sany ýerli firma, mentorlar hökmünde çykyş etdiler, ýaş telekeçileriň biznes-modellerine baha berdiler we olaryň ösüşiniň baş ugryna täzeden seretmäge kömek berdiler. Maksatnamanyň ahyrynda on sany finala çykanlar öz önümleri bilen tanyşdyrdylar. Alty sany ýeňiji öz baýraklaryny we Gazagystanda sebitleýin bäsleşige gatnaşmaga mümkinçilik aldylar.

150 sany startaperlerden, mentor kompaniýalardan, halypalardan, potensial maýadarlardan we emin agzalaryndan durýan onlaýn-gatnaşyjylara ýüzlenmek bilen, ABŞ-ň işleriwagtlaýyn ynanylan wekili Waleri Çittenden diňe bir ýeňijileri däl, eýsem, ähli startaplary olaryň ideýalarynyň hakyky önümlere üstünlikli amala aşyrylmagy bilen gutlady. “Öz startaplaryňyzy ösdürmek bilen, siz öz ýurduňyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine ýardam edýärsiňiz. Diňe bir aragatnaşyk ýa-da tehnologiki sektorynyň gurşawynda däl-de, eýsem, beýleki ýagny oba hojalyk, azyk we dokma senagaty ýaly, has adaty sektorlara innowasion we kreatiw sanly çözgütleri ornaşdyrmak ýoly bilen, goşandyňyzy goşýarsyňyz”, – diýip, ABŞ-ň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Çittenden aýtdy.

Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesiniň başlygy jenap Ýuriý Aronskiý Türkmenistanyň ykdysady baş ugrynyň we hökümetiň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň bölegi hökmünde ylyma, tehnologiýalara we bilime gönükdirmegiň wajyplygyny nygtady.

“Startap-ekoulgam” maksatnamasynyň wajyp maksatlarynyň biri – ýaş telekeçileriň innowasion ideýalaryny goldaýan, startaplaryň ýerli inkubatorlaryny we akseleratorlaryny döretmek bolup durýar.

USAID – dünýäde halkara ösüşiň öňde baryjy guramasy we ösüşiň netijelerini almak üçin katalizator. Goşmaça maglumaty almak üçin: https://www.usaid.gov/central-asia-regional saýta giriň.