USAID, adam söwdasynyň öňüni almak we aýal-gyzlar üçin iş mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanda hyzmatdaşlygyny giňeldýär

2023-nji ýylyň 16-njy maýy, Aşgabat, Türkmenistan – ABŞ-nyň Halkara Ösüş Guramasynyň (USAID) Aziýa işleri boýunça Býurosynyň Dolandyryjysynyň kömekçisiniň orunbasary Anjali Kaur, täze hünärleri öwrenmek we ykdysadyýete goşant goşmak isleýän gaýdyp gelen migrant we ejiz gatlaklardan aýal-gyzlar üçin okuw merkezini açdy.

Bu merkez, adam söwdasynyň pidalary we gaýdyp gelen migrantlar üçin kanuny, durmuş, lukmançylyk we psihologiki hyzmatlary we gaçybatalga (şelter) hyzmatlaryny berýän we USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän “Yeňme” raýat jemgyýeti guramasyna berilýän grantyň bir bölegidir.  Bu başlangyja Türkmenistandaky Türk Howaýollary Ofisi we Iş Nokady kompaniýasy hem goşant goşdylar.

Merkez gaýdyp gelenlere täze hünärleri öwrenmäge, pul gazanmaga, täzeden birleşmäge we mertebesini we ynamyny dikeltmäge kömek eder.

Birleşen Milletler Guramasynyň 2030 Durnukly Ösüş Maksatlary, başarnyklary ösdürmek bilen migrasiýa arasyndaky möhüm baglanyşygy ykrar edýär. Şuňa meňzeş taslamalar başarnyklary öwretmek we maýa goýumlary arkaly migrantlara we olaryň jemgyýetlerine möhüm peýdalar getirýär.

USAID, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda has gowy iş mümkinçiliklerini, iş şertlerini, howpsuz migrasiýany öňe sürüp, migrantlaryň, esasanam aýal-gyzlaryň hünär derejesini ýokarlandyrýar. Bu esasanam pandemiýadan soňky kyn döwürde migrantlaryň iş gözleýän döwründe has möhümdir.

USAID-iň tagallalary merkeziň okuwçylarynynyň mümkinçiliklerini artdyryp, olary egin-eşik we dokma pudagynda işlemäge taýýarlar, şeýle hem şahsy başarnyklaryny ösdürer we howpsuz migrasiýa barada maglumat berer. Mundan başga-da, “Yenme” jemgyýetçilik guramasy arkaly Aşgabatda we beýleki welaýatlarda ýerleşýän iş berijiler we kärhanalaryň iş mümkinçilikleri barada goldawy alarlar we şeýlelik bilen ýurtda bilimli we ökde hünärmenleriň saklanmagyny üpjün ederler.

Gatnaşanlara ýüzlenip, hanym Anjali Kaur şeýle diýdi: “Yeňme we raýat jemgyýeti guramalary ähli migrantlar üçin howpsuz migrasiýany üpjün etmekde USAID-iň ygtybarly hyzmatdaşy bolmagyny dowam etdirer. USAID bu başlangyjy tutuş ýurt boýunça ýaýratmak maksady bilen bu tagallany goldamak isleýän täze hususy pudagyň hyzmatdaşlaryna minnetdarlygyny bildirýär. Türkmenistan hökümeti, raýat jemgyýeti, hususy kompaniýalar we beýleki hyzmatdaşlar bilen bilelikde işleşip, migrantlaryň hukuklaryny goramak bilen bir hatarda Türkmenistanda we sebitde durnukly we adalatly ykdysady ösüşe goşant goşýandygymyza ynanýaryn”.

###

USAID-iň “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” taslamasy Winrock International tarapyndan Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunda amala aşyrylýar. USAID migrasiýa tejribesini kämilleşdirmek we ekspluatasiýanyň öňüni almak maksady bilem ýerli hökümetler, raýat jemgyýeti we hususy pudak bilen ýakyn hyzmatdaşlykda işleýär.  Has giňişleýin maglumat üçin USAID / Merkezi Aziýa web-sahypasynda elýeterlidir: https://www.usaid.gov/central-asia-regional/fact-sheets/safe-migration-central-asia .

Goşmaça maglumat üçin USAID-iň “Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa” taslamasynyň aragatnaşyk hünärmeni Soltan Hudaýbergenow bilen +77028450527 telefon belgisi ýa-da Soltan.Khydaibergenov@winrock.org elektron salgysy arkaly habarlaşyp bilersiňiz.