2023-nji ýylyň 23-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan – Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agentligi (USAID) Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýeti (TKKJ) bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň bäş welaýatynda ümler diliniň mugt surdoterjime hyzmatlaryny ýola goýdy. 2023-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, USAID-iň okuwyny geçen ýedi sany surdoterjimeçileri ker ýa-da eşidiş ukyby gowşak bolan adamlara dürli döwlet edaralary, şol sanda notariuslar, hassahanalar, banklar we häkimlikler bilen aragatnaşyk saklamak üçin hyzmatlary ýerine ýetirip başladylar.
2022-nji ýylda USAID-iň “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” (GSP) taslamasy häzirki wagtda tutuş ýurt boýunça surdoterjime hyzmatlaryny amala aşyrýan surdoterjimeçiler üçin hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça bir aýlyk okuwyny gurnady.
Surdoterjime hyzmatlary Aşgabat, Balkanabat, Baýramaly, Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherlerinde ýerine ýetirilýar. TKKJ-niň ýerli edaralarynda işleýän surdoterjimeçileri hepdede bäş gün janly nobat görnüşinde, şol edaralaryň özünde we başga edaralara baryp, terjime etmek üçin mümkinçilik döredilendir. Ondan başga-da, surdoterjimeçiler ümler dilini öwrenmek isleýänler üçin belli bir sagatlarda mugt maslahatlary hem berýärler.
USAID-iň TKKJ bilen bu hyzmatdaşlygy inklýuziw we aýratyn zerurlyklary bolan adamlara dürli hyzmatlary hödürleýän jemgyýeti döretmek üçin jemgyýetçilik guramalary bilen üstünlikli hyzmatdaşlygynyň ýene bir mysaly bolup durýar.
Surdoterjime hyzmatlarynyň takyk ýerleri we aragatnaşyk belgileri barada has giňişleýin maglumat üçin USAID tarapyndan goldanan we ýakynda täzelenen TKKJ-niň web saýtyna http://tkkj.co.tm/ girmeli we baş sahypada Türkmenistanyň interaktiw kartasyna geçmeli.
###
USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän we Q2 Impact (ozalky QED Group LLC) kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilýän “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” (GSP) taslamasy Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda öz işini alyp barýar.
###
USAID – öňdebaryjy halkara ösüş guramasy hem-de durnukly ösüşiniň ýardam berijisi bolup durýar. Has giňişleýin maglumat almak üçin USAID-iň Merkezi Aziýa https://www.usaid.gov/central-asia-regional web-sahypasyna giriň.