Aşgabat, Türkmenistan, 2022-nji ýylyň 29-njy apreli – Bu günki Eksporty Ýeňilleşdirmek Başlangyjy çäresinde, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş guramasy Türkmenistanda miwe we bakja öndürýän daýhanlara GLOBALG.A.P. sertifikatyny bilelikde maliýeleşdirip bermek üçin bäsdeşlik yglan etdi. Bu halkara standart miwe we bakja önümleri halkara premium bazarlaryna eksport etmegiň ugrunda esasy ädim bolup durýar.
Bu çäräniň dowamynda GLOBALG.A.P. guramasy tarapyndan hasaba alynan Türkmenistandan alty sany geňeşçä sertifikat gowşuryldy. Olar daýhanlara, miwe we bakja öndürýän kärhanalara ýa-da beýleki gyzyklanýan taraplara okuw maslahatlary geçirenlerinde, GlobalG.A.P guramasy tarapyndan taýýarlanylan maglumat materiallary ulanmaga hukugy bar.
USAID-iň Türkmenistandaky wekili Nino Nadiradze 80-den gowrak jemgiýetçilik pudagyndan gatnaşanlara, daýhanlara we söwdany ösdürmek boýunça hyzmatlary üpjün edijilere we eksporty ösdürmek ekosistemasynyň gyzyklanýan taraplaryna:“Halkara hünär derejesini almak bilen, daýhan geňeşçileri ýerli daýhanlara iň gowy oba hojalyk tejribelerini maslahat bermekde özboluşly ussatlyk gazandylar. Bu bolsa öz gezeginde, daýhanlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrar we daşky gurşawy goramak meselesinde has uly ygrarlylygy görkezer”diýip ýüzlendi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň oba hojalygy we balykçylyk bölüminiň başlygy Şamyrat Herremow öz çykyşynda birleşmäniň agzalarynyň mümkinçilikleri artandygy sebäpli USAID-a minnetdar boldy we halkara premium bazarlaryna eksport etmek üçin halkara GLOBALG.A.P. standartynyň wajyplygyny nygtady.
Eksporty ýeňilleşdirmek başlangyjyň çäginde, söwdada päsgelçilikleri aradan aýyrýan USAID-iň Merkezi Aziýada Söwda meýilnamasy öňdebaryjy üç sany ter miwe, bakja we hoz öndüriji hem-de eksport ediji kärhanalaryna halkara GLOBALG.A.P. sertifikatyny bilelikde maliýeleşdirer. Mundan başga-da, GLOBALG.A.P standarty boýunça sertifikatlaşdyrylan öndürijiler önümleriň hilini we howpsuzlygyny ýokarlandyrar, jemgyýetçilik jogapkärçiligiň halkara standartlaryna laýyklykda iş alyp barar we işgärleri üçin has gowy saglyk we howpsuzlyk iş şertlerini döreder.
Eksporty ýeňilleşdirmek başlangyjy ýerli daýhanlary halkara GLOBALG.A.P sertifikatyň bahasynyň 80 göterimini bilelikde maliýeleşdirip, olara Ýewropa Bileleşigiň, Ýakyn Gündogaryň we Günorta-Gündogar Aziýanyň halkara bazarlaryna eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga kömek eder.
###
USAID dünýäde öňdebaryjy halkara ösüş gurama we ösüş netijelerine ýetmek üçin katalizator bolup durýar. Has giňişleýin maglumat üçin USAID-Merkezi Aziýa: https://www.usaid.gov/central-asia-regional we Facebook: https://www.facebook.com/USAIDCentralAsia sahypalaryna girip bilersiňiz.