Aşgabat, Türkmenistan, 2020-nji ýylyň 6-njy iýuly – Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş guramasy (USAID) Türkmen ter miwe we bakjalaryň öndürijileriniň eksportyna ýardam bermek üçin gyssagly jaň we elektron hat arkaly maslahatlaryny iýulyň 2-ne başlady.
USAID-iň Merkezi Aziýadaky bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we täze iş orunlary döretmek taslamasynyň (CTJ) gyssagly jaň we elektron hat arkaly maslahatlary miwe we bakja önümleriň öndürijilerine daşary ýurt bazarlara eksport etmek boýunça wajyp maglumat berer. Maslahatlar uzakdan telefon ýa-da elektron hat arkaly beriler. Gyssagly jaň etmek maslahatlary 2020-nji ýylyň iýul we oktýabr aýlary aralygynda berilip, bu hyzmata bolan talaba görä uzaldylyp hem bilner.
Bu gyssagly jaň we elektron hat arkaly maslahatlary täze döreýän eksport edijilere daşary ýurt bazarlaryň çylşyrymly düzgünlerine düşündirip we olary dünýäniň iň gowy marketing tejribeleri bilen tanyşdyryp, eksport edijilieriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin taýýarlanandyr. Maslahatlar öz içine eksporty öňe sürmek boýunça gurallaryň ulanylyşyny, miwe we bakja öünmleri dürli bazarlara (Ýewropa, Ýakyn Gündogara we Günorta-Gündogar Aziýa) ekport etmegi, önümleriň halkara standartlara laýyk gelmesi üçin dogry saýhallamagy hem-de gaplamagy we fitosanitar talaplary göz öňünde tutmagy alar.
USAID türkmen fermerlara, olaryň bar bolan eksport potensiallaryny görkezip, olaryň girdejilerini ýokarlandyrmaga, möwsümleýin satuwlary durnuklylaşdyrmaga we ýokary hilli Türkmen önümleri üçin bazarlary giňeltmäge kömekleşýär.
USAID-iň bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we täze iş orunlary döretmek boýunça taslamasy Merkezi Aziýa döwletleriň hususy sektoryny has dürli hem-de bäsdeşlige ukyply etmäge we kärhanalaryň söwda we iş ýerlerini köpeltmäge kömek edip, olaryň eksporta gönükdirilen ösüşini ýokarlandyrýar.
Maslahatlar barada has takyk maglumat almak üçin, USAID-iň Türkmenistandaky bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we täze iş orunlary döretmek taslamasy bilen +99365 687965 belgä jaň edip ýa-da ctjexportsupport@dai.com adrese hat ugratmak arkaly habarlaşyp bilersiňiz.
USAID dünýäniň ilkinji halkara ösüş guramasy we ösüş netijeleri öňe sürýän edara. Has köp maglumat almak üçin, https://www.usaid.gov/central-asia-regional and USAID/Central Asia’s Facebook page: https://www.facebook.com/USAIDCentralAsia/ saýtlara giriň.