USAID Türkmenistanda Telekeçiligi ösdürmek taslamasyny başlaýar

2020ý. 11-nji fewraly, Aşgabat, Türkmenistan – Bu gün Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş guramasy (USAID) Telekeçiligi ösdürmek taslamasyny (FGI) resmi ýagdaýda başlady. Bu maksatnama arkaly USAID türkmen kärhanalaryna täze iş ýerlerini döretmekde, işgärleriniň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekde we satyşlary hem eksport möçberlerini artdyrmakda goldaw berer. Bu işler esasan maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary (ICT) ulgamynda, azyk senagaty pudagynda, haly we deri önümleri we el senetçilik ugurlarynda amala aşyrylar. USAID strategiki esasda çemeleşýän, öňde baryjy kärhanalara we guramalara öz öňünde goýan maksatlaryna ýetmäge goldaw berer. Bu wezipeler bilelikde işleşmek we çykdajylary bilelikde paýlaşmak esasynda amala aşyrylar.

Bu pudaklarda işini alyp barýan 30 sany wekile ýüzlenmek bilen, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Mettýu S. Klimow, şeýle belläp geçdi: “Biziň maksadymyz türkmen işewürlerini diňe bir özara we sebitleýyin Merkezi Aziýa hyzmatdaşlary bilen baglamak bolup durman, eýsem has aňyryk, Birleşen Ştatlarynyň we halkara kompaniýalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy gurmak we maýa goýumlaryny çekmek bolup durýar.”

Çärä gatnaşyjylar taslamanyň maksatlaryny we bellenilen pudaklarda satyşlary hem eksporty ösdürmek we maýa goýumlary çekmek üçin innowasion hem-de sanly çözgütleri ulanmaklygy göz öňünde tütýan ýörelgeleri ara alyp maslahatlaşdylar. Gatnaşyjylar şeýle hem bu pudaklarda işleýän işgärler üçin möhüm bolup durýan ukyp-başarnyklary kesgitlediler; bu başarnyklary öwredýän sapaklary bolsa, USAID özüniň Türkmenistanly ýaşlara we aýal-maşgalalara hödürleýän okuwlaryna goşar. USAID-iň wekilleri şeýle hem telekeçileri tiz depginli ösüp barýan bazarlar bilen baglamagy teklip etdiler we geljekki ösüşlerde hususy sektoryň ornunyň has-da artdyrylmagy üçin zerur bolan gurşawy, ýagny işewürçiligi alyp barmak üçin hem de işgärleriň netijeli işläp bilmegi üçin amatly şertleri döretmeklige ýardam bermek niýetini ara alyp maslahatlaşdylar.

USAID – ösüşi üpjün etmek boýunça öňde baryjy halkara gurama bolmak bilen, durnukly we netijeli ösüşi amala aşyrmak işinde itergi beriji hökmünde çykyş edýär. USAID-iň işi ABŞ-nyň milli howpsuzlygyny we ykdysady ösüşini üpjün etmeklige hem-de beýleki ýurtlara ýardam bermeklige gönükdirilen we ol ýurtlaryň özbaşdak ösüşe bolan ukybyny artdyrýar. Siz has anyk magulmaty https://www.usaid.gov/central-asia-regional saýtynda we Feýsbuk-da https://www.facebook.com/USAIDCentralAsia salgysy boýunça tapyp bilersiňiz. USAID-iň Telekeçiligi ösdürmek taslamasy barada maglumat üçin https://www.facebook.com/FGICentralAsia salgy boýunça girip bilersiňiz.