2021-nji ýylyň 15-nji iýuly, Aşgabat, Türkmenistan – Şu gün, ABŞ-nyň Halkara Ösüş guramasy (USAID) Türkmenistanda Suw serişdeler we daşky gurşaw boýunça sebitleýin taslamasyna başlaýar. Taslama bäş ýyla niýetlenýär we öz içine Merkezi Aziýanyň bäş ýurduny we Owganystany alýar. Ol Syrderýa we Amyderýa basseýinleriň serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmak meselelerinde we sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir.
Ilçi Klimowyň öz giriş sözünde “Şu gün biz ABŞ-nyň Halkara Ösüş guramasynyň (USAID) täze taslamasyna başlaýarys, şeýle hem ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygymyzda täze sahypamyzy açýarys. ABŞ-nyň Halkara Ösüş guramasynyň suw serişdeler we daşky gurşaw boýunça bu täze sebitleýin taslamasy Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlykda hereket etmäne gönükdirilen. Onuň maksady Türkmenistanyň we tutuş sebit ilatyna durnuklylygy öňe sürmekden, ykdysady ösüşe we sagdyn ekologik ulgamlara mümkinçilikleri döretmekden ybaratdyr,” diýip belledi.
Bu dabara hökümet edaralary, şol sanda Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi we Energetika ministrligi serhetüsti suw serişdelerini “suw-energiýa-azyk-daşky gurşaw” nukdaý nazaryndan dolandyrmagyň milli we sebitleýin wezipelerini hem-de taslamany amala aşyrmagyň indiki ädimlerini ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşdylar.
ABŞ-nyň Halkara Ösüş guramasynyň Suw serişdeler we daşky gurşaw boýunça sebitleýin taslamasynyň maksady serhetüsti suw serişdelerini sebitleýin dolandyrmak ukybyny ýokarlandyrmakdan we Syrderýa we Amyderýa basseýinlerinde ekologik töwekgelçilikleri peseltmekden ybaratdyr. Taslamanyň işi gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasyndaky gepleşikleri berkitmek, subutnamaly maglumatlar we modelirlenmeler arkaly derýa basseýinleri özleşdirilen we durnukly dolandyrmagyň umumy düşünjesini işläp düzmek, şeýle hem dürli pudaklaryň we dolandyryşyň dürli derejeleriň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýardam etmek arkaly suw ulgamynda çylşyrymly sebitleýin meseleleri çözmek boýunça köp derejeli çemeleşmä esaslanýar.
###
USAID dünýäniň öňdebaryjy halkara ösüş guramasydyr we ösüşiň netijelerini herekete getirýän itergi bolup durýar. Has giňişleýin maglumat üçin: https://www.usaid.gov/central-asia-regional we Facebook-da USAID/Merkezi Aziýa: https://www.facebook.com/USAIDCentralAsia/ sahypalaryna giriň.