2023-nji ýylyň 17-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan – Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş agentligi (USAID) Türkmenistanyň “Ýigit” hojalyk jemgyýetine GLOBALG.A.P halkara sertifikatyny almaga ýardam berdi.
“Ýigit” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň iň uly ýyladyşhana ter pomidor öndürijisi bolup, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň 34 gektar meýdanynda ýyladyşhanany işledýär we ol ýerde 600-den gowrak hünärmen zähmet çekýär. “Ýigit” HJ kärhanasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup, ol içerki we daşarky bazarlary, esasanam Merkezi Aziýa we öňki Sowet Soýuzynyň ýurtlaryny üpjün edýär. GLOBALG.A.P sertifikatyny almak, üpjün edijilerden iň ýokary önüm standartlaryna laýyk gelmegi talap edýän halkara azyk satyjylaryna gönüden-göni satmakdan başga-da, premium bazarlaryň sanyny artdyrar we diwersifikasiýalaşdyrar. USAID Söwda Merkezi Aziýa maksatnamasynyň eksporty ýeňilleşdirmek başlangyjynyň esasy maksady halkara sertifikasiýa auditiň çykdajysynyň 80 göterimini bilelikde maliýeleşdirmek arkaly, ýerli daýhanlara GLOBALG.A.P standartyny önümçilige girizmäge höweslendirmekdir.
USAID-iň Türkmenistandaky wekili hanym Nino Nadiradze: “Biz “Ýigit” hojalyk jemgyýeti bilen bu möhüm eksport başlangyjyň çäginde hyzmatdaşlygymyza buýsanýarys. “Ýigit” kärhanasy öňdebaryjy bagbançylyk öndürijisi hökmünde iň giňden tanalýan daşky gurşaw, durmuş we dolandyryş (ESG) standartlaryna ygrarlylygyny görkezdi. USAID beýleki daýhanlary dünýäniň premium bazarlaryna çykmakda we sebitleýin hem-de halkara söwdany ösdürmekde täze mümkinçilikleri hödürleýän GLOBALG.A.P ýaly ESG standartlaryna laýyk gelmäge höweslendirmäge dowam eder.”
Indi, “Ýigit” hojalyk jemgyýeti GLOBALG.A.P sertifikatyna eýe bolan 132 ýurtdan 200,000 sany beýleki önüm öndürijileriň toparyna girdi. GLOBALG.A.P. sertifikatyny alan daýhanlar, sarp edijiler üçin ýokary hilli önüm bilen üpjün edýärler, korporatiw sosial jogapkärçilik ülňülerine laýyklykda iş alyp barýarlar hem-de daşky gurşaw barada alada edýärler we iň esasysy, işgärler üçin has gowy saglyk we howpsuzlyk şertleri döredýärler.
2021-nji ýylda USAID bäş sany GLOBALG.A.P. ugry boýunça hususy daýhan geňeşçilerini taýýarlady. Şunluk bilen, halkara hünär derejesini almak bilen olar daýhanlara iň öňde baryjy oba hojalyk tejribelerini maslahat bermek üçin resmi GLOBALG.A.P okuw materiallaryny ulanmaga ygtyýarly boldylar. “Ýigit” hojalyk jemgyýeti ýerli daýhan geňeşçileriniň kwalifikasiýalaryndan we tejribelerinden- peýdalandy.
USAID-iň Merkezi Aziýa söwda maksatnamasy barada
USAID-iň Merkezi Aziýa söwda Maksatnamasy Merkezi Aziýada ykdysady ösüşe we ykdysady mümkinçilikleriň giňeldilmegine ýardam bermek üçin gümrük we serhet gözegçilik işlerini sazlaşdyrmaga gönükdirilendir. Maksatnama ady agzalan sepgitlere ýetmek üçin gümrük we serhet proseduralaryny sazlaşdyrmak, söwda we maýa goýumlary boýunça döwlet-hususy gepleşikleri ösdürmek, serhetaşa kärhana aragatnaşygy gowulandyrmak we gender bilen baglanyşykly söwda meselelerini çözmek arkaly işleýär.
GLOBALG.A.P. barada
GLOBALG.A.P. azyk senagatynda işleýän öndürijiler, satyjylar we beýleki gyzyklanýan taraplaryň hyzmatdaşlygy bilen Germaniýanyň Köln şäherinde “FoodPLUS GmbH” tarapyndan işlenip düzülen akylly daýhan kepillendiriş çözgütleriniň markasydyr. Bu çözgütler geljekki nesillere howpsuz iýmit bilen üpjün etmek üçin ekerançylygy howpsuz, sosial we ekologiýa taýdan alyp barmagyň birnäçe standartlaryny öz içine alýar
###
USAID dünýäde öňdebaryjy halkara ösüş gurama we ösüş netijelerine ýetmek üçin katalizator bolup durýar. Has giňişleýin maglumat üçin USAID-Merkezi Aziýa: https://www.usaid.gov/central-asia-regional we Facebook: https://www.facebook.com/USAIDCentralAsia sahypalaryna girip bilersiňiz.