USAID Türkmenistany suw baýlyklarynyň dolandyrylşyny gowulandyrmakda goldaýar

Aşgabat, Türkmenistan, 2020-nji ýylyň 29-njy sentýabry – Şu gün ABŞ-nyň Halkara Ösüş Guramasy (USAID) tarapyndan maliýeleşdirilýän we Merkezi Aziýa Sebitleýin ekologiýa merkezi (CAREC) tarapyndan amala aşyrylýan “Suw, bilim we hyzmatdaşlyk” taslamasynyň çäginde, on dört sany awtomatlaşdyrylan suw akymyny ölçeýän enjamlar Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine gowşuryldy. Bu enjam Türkmenistanyň Mary welaýatyň gündogarynda geçýän Murgab derýasynyň boýunda on dört ýerde gurlar.

Awtomatlaşdyrylan suw ölçeg ulgamy, “Marysuwhojalyk” we Türkmenistanyň suw hojalygy baradaky döwlet komitetine dürli nokatlarda suw akymynyň derejesi barada hakyky maglumatlary ýazga almaga, suwaryş akymyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berer we ýerli jemgyýetleri suw joşmalaryndan goramak üçin irki duýduryşlary bermekde möhüm bolan wezipäni ýerine ýetirer. Derýa akymy baradaky maglumatlar Aşgabatda we Maryda karar berýänlere suwuň derejesini çaklamaga we şoňa görä suw baýlyklaryny dolandyrmagy meýilleşdirmäge kömek eder.

USAID Türkmenistany suw baýlyklarynyň dolandyrylşyny gowulandyrmakda goldaýar

“Şeýle tehnologiýalary ornaşdyrmak we bilelikdäki tagallalarymyz bilen, esasanam ýerli jemgyýetlerden bolan adamlaryň suw dolandyryş boýunça meseleleriň çözgütlerine gatnaşmagy açaçanlygy ýokarlandyrar, ýokarky we aşaky akymynda ýerleşýän etraplaryň arasyndaky gatnaşyklary gowulandyrar we ekologik we ykdysady taýdan oňyn täsir eder” diýip ABŞ-nyň Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Waleri Çittenden nygtady. Şeýle hem ynanylan wekil Çittenden, Türkmenistan hökümetiniň 2019-2025-nji ýyllar üçin suw hojalygyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi, bu bolsa suw pudagynyň kem-kemden innowasion sanly tehnologiýalar arkaly suw sarp edişini hasaba almak ulgamyna geçmegine kömek eder.

USAID-yň “Suw, bilim we hyzmatdaşlyk” taslamasy Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Owganystana suw dolandyryşy boýunça tehniki başarnyklaryny çuňlaşdyrmaga, serhetara meseleler boýunça jemgyýetçilik gepleşiklerini ýeňilleşdirmäge we umumy suw çeşmelerini dolandyrmaga ukyply hünärmenler toparyny döretmäge kömek etmek üçin döredildi.

###

USAID halkara ösüş boýunça dünýäniň öňdebaryjy guramasydyr we ösüşiň netijelerini herekete getirýän katalizatory bolup durýar. USAID-yň işi Amerikan halkynyň sahylygyny görkezýär we hyzmatdaş döwletiň öz-özüňi üpjün edişini we durnuklylygyny öňe sürýär. Has giňişleýin maglumat üçin https://www.usaid.gov/central-asia-regional we USAID-yň Facebook sahypasyna serediň: https://www.facebook.com/USAIDCentralAsia.

###

Goşmaça maglumat üçin Türkmenistanda Merkezi Aziýa Sebitleýin ekologiýa merkeziniň işgäri Olga Harçenko bilen +99365810713 telefon nomer arkaly ýa-da oharchenko@carececo.org habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.