Aşgabat, 2018-nji ýylyň mart aýynyň 28-i,– ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligiň Merkezi Aziýada “Halkara bäsdeşlige ukyplylygy we söwdany ösdürmek we iş ýerleri döretmek” meýilnamasy we Türkmenistanyň Telekeçiler we senagatçylar birleşigi bilen hyzmatdaşlykda ýerli telekeçiler üçin eksport ukyplaryny ýokarlandyrmak maksady bilen seminar geçirdi.
Türkmenistanly telekeçiler öndüren önümlerini eksport etmek arkaly girdeýjilerini ýokarlandyrmagy we daşary ýurt walýutasyny gazanmagy maksat edinip, daşary ýurt bazarlaryna garaýarlar. Emma, ýerli telekeçiler bazaryň talaplaryny, alyjylaryň isleglerini we ýüzbe-ýüz bolýan bäsdeşlige düşünmek maksady bilen we bäsdeşligiň peýdaly pursatlaryny goýbermez ýaly önümleriniň daşary ýurt bazarynda marketing tejribelerini berkitmeli.
Türkmenistanly telekeçileriň önümlerini daşary ýurt bazarlaryna çykarmaga ýardam bermek maksady bilen, USAID-iň tälimçisi üstünlikli tejribeleriň seljermeleri arkaly kreatiw pikirlenmäň we önümleriň tapawutlandyrylmagy eksport satuwyň ýokarlandyryp bilýändigini görkezdi. Bir gatnaşyjy: “Bu seminar daşary ýurt bazarlary barada maňa düşünje berdi we eksport satuwyny giňeltmek strategiýsyny döreder ýaly maňa gerekli zatlary berdi”- diýip aýtdy.
Kärhanalaryň bäsdeşlige ukyplylygyny sebitleýin möçberde ýokarlandyrmak we söwdada päsgilçilikleri azaltmak arkaly USAID dürli taraplaýyn we bäsdeşlige ukyply hususy pudagy we eksport mümkinçilikleri ösdürmäge ýardam berýär.