2022-nji ýylyň 2-nji dekabry, Aşgabat, Türkmenistan – Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy (DGA) ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) bilen bilelikde maglumat-kommunikasiýatehnologiýalarynyň (MKT) üç dilli sözlügi bilen Türkmenistanda ilkinji ykjam goşundyny işe girizdi. IT Sözlük atly bu täze goşundyny App Store we Google Play arkaly ýükläp alyp bolýar. Iňlis-rus-türkmen sözlügi degişli hünärmenler we MKT bilen gyzyklanýanlar ahlisi üçin niýetlenendir.
Ýurduň ykdysadyýetini sanlaşdyrmak Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu babatda USAID ýurduň döwlet dolandyryş ulgamyna dünýä derejesindäki sanly çözgütleri girizmek boýunça Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlyk edýär. DGA USAID bilen hyzmatdaşlykda, ýurduň döwlet edaralarynda sanly ulgamlary ösdürmek maksady bilen MKT hünärmenleriň potensialyny ýokarlandyrmak boýunça işleri alyp barýar.
Sözlük esasy MKT adalgalarynyň gysga we anyk kesgitlemelerini hödürleýär. Gelejekde DGA bu goşundyny yzygiderli täzeläp, oňa ykdysady we ekologiýä adalgalarynyň sözlüklerini girizip ony kämilleşdirip durar.
DGA-nyň USAID bilen hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň strategik ösüş maksatnamalaryna laýyklykda sanly çözgütleriň durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. Geljegi bar bolan hyzmatdaşlyk ministrlikleriň, edara-kärhanalaryň, ýerine ýetirji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz özüňi dolandyryş edaralarynyň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary bölümleriniň hünärmenleri üçin gysga möhletli okuw kurslaryny geçirmegi göz öňünde tutýar. Bu hyzmatdaşlyk akademiýanyň talyplaryny we döwlet gullukçylaryny halkara öňdebaryjy tejribesi we ýokary hilli bilim okuw materiallary bilen üpjün eder, şeýle hem Türkmenistanda döwlet gullugynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýärdam berer.
USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän we QED Group LLC tarapyndan ýerine ýetirilýän “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” taslamasy Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda öz işini alyp barýar. Bu taslama ýurdumyzdaky döwlet edaralarynyň netijeliligini, hasabatlylygyny we aýanlygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
###
USAID – öňdebaryjy halkara ösüş guramasy hem-de durnukly ösüşiniň ýardam berijisi. Has giňişleýin maglumat almak üçin USAID-iň Merkezi Aziýa https://www.usaid.gov/central-asia-regional web-sahypasyna giriň.