2022-nji ýylyň 19-njy noýabry, Aşgabat, Türkmenistan – Şu gün ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID), UNESCO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň goldaw bermeginde, ýerli maslahat beriş kompaniýasy “Orlan” bilen hyzmatdaşlygynda “Handmade Exports 2022” (HME) startap inkubator maksatnamasynyň çäginde jemleýji çäresini geçirdi. Çärede iň oňat senetçileriň önümleriniň sergisi we maksatnamanyň alty finalistleriniň arasynda bäsleşik gurnaldy, olar emin agzalaryna özleriniň täze iş taslamalaryny, önümlerini we gazanan üstünliklerini hödürledi.
Alty aý dowam eden HME maksatnamasynyň 20 sany gatnaşyjysy önümiň dizaýny, sosial ulgamlarynda marketing, mahabat bildirişleriniň tekstini düzmek we ýazmak, foto düşürmek we sanly marketing ýaly ugurlar boýunça zehinli hünärmenleriň tejribesini öwrenmäge mümkinçilik aldylar. Şeýle hem, bu maksatnama täze işewür hyzmatdaşlar we türkmen el önümleriniň satyjylary üçin esasy maksatlaýyn bazary bolan ABŞ-ň internet-dukanlary bilen aragatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ýola goýmaga giň mümkinçilikleri döretdi.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu S. Klimow sergä gatnaşyjylara ýüzlenip, şeýle diýdi: “Men el işleri önümlerini satýanlaryň roluna haýran galýaryn, sebäbi olar diňe bir onlaýn bazarlaryny özleşdirmegi öwrenmän, eýsem özleriniň onlaýn dükanlaryny Türkmenistanyň beýleki senetçileri üçin hem elýeterli etmegi başardylar. Bu ýagdaý diňe bir bu işe gatnaşýan ähli adamlar üçin goşmaça ykdysady mümkinçilikleri döretmek bilen çäklenmän, eýsem raýdaşlygyň, toparlaýyn işleşmegiň we jemgyýetçiligi gurmagyň ruhuny hem görkezýär.”
Maksatnamanyň dört gatnaşyjysy guramaçylardan we hemaýatkärlerden baýrak aldy. Tutuş ömrüniň dowamynda haly dokaýan we Amerikada iň gowy elde dokalan türkmen haly önümlerini öndürýän we satýan işewür aýal Jeýn Doe, özüniň durnukly işewürlik modeli, innowasion telekeçilik çemeleşmesi we ajaýyp görkeziş ussatlygy üçin birinji ýeri eýeledi.
2022-nji ýylda USAID 42 sany zenan telekeçileri we el işleri önümleriniň ussatlary üçin “Handmade Exports” (HME) startap inkubator maksatnamasynyň iki tapgyryny goldady. Bu maksatnama, türkmen satyjylarynyň önümlerini mahabatlandyrmak üçin eBay ýaly halkara bazar meýdançalaryndan peýdalanyp bilýändiklerini görkezdi.
###
USAID dünýädäki iň esasy halkara ösüş agentligi we ösüş pudagynda netijeleri gazanýan katalitik agentdir. Has giňişleýin maglumat üçin https://www.usaid.gov/central-asia-regional we Feýsbukda USAID/ Central Asia https://www.facebook.com/USAIDCentralAsia sahypasyna girip görmegiňizi haýyş edýäris.