2016-njy ýylyň 20-26-njy awgusty aralygynda ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) türkmen harytlarynyň halkara satyn alyjylar üçin elýeterliligini artdyrmak maksady bilen olary BAE-niň Dubaý şäheriniň ammarlarynda haryt saklamak mümkinçiliklerini öwrenmek üçin Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň dört sany wekili üçin Dubaý şäherine iş saparyny gurnady. Sapara gatnaşyjylar ammarlaryň operatorlary, logistika we ulag kärhanalary, gozgalmaýan emläk agentlikleri, “Jebel Ali” erkin ykdysady zolagyň dolandyryjylary bilen duşuşyklary geçirdiler we käbir ammarlara sapar etdiler. Saparyň netijesinde olar ammarlary kärendä almak we Dubaý şäherine barýan we ondan gaýdýan ulag ýollary barada jikme-jik maglumat, şeýle hem Dubaýyň ammarlarynda türkmen harytlaryny saklamagyň kemçilikleri we ähmiýetleri barada seljermäni geçirmek üçin deslapky maglumatlary toplap geldiler.
Bu sapar USAID-iň ykdysady diwersifikasiýa we eksporty ösdürmek ugrunda Türkmenistanyň hökümetine goldaw berýän tehinik ýardam maksatnamalarynyň çäginde amala aşyryldy.