USAID adam söwdasynyň öňüni almakda Türkmenistanа goldaw berýär

2022-nji ýylyň 15-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan – Şu gün Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Guramasynyň (USAID) Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa boýunça taslamasy we BMG-niň Neşe serişdelere we jenaýatlara garşy göreşmek baradaky Müdirligi, şeýle hem Halkara zähmet guramasynyň gatnaşmagynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen hyzmatdaşlykda, Türkmenistan Mejlisiniň agzalary we beýleki degişli guramalaryň wekilleri üçin “Adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça milli syýasaty güýçlendirmek” atly iki günlük tehniki duşuşygyna başlady. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar pidalara gönükdirilen çemeleşmeleri nazara alyp, adam söwdasynyň öňüni almak boýunça syýasaty işläp düzmekde halkara öňdebaryjy tejribäni öwrenerler. Mundan başga-da, milli kanunçylygy we degişli döwlet edaralary üçin bar bolan Standart Iş Proseduralaryny (SOP) seljererler.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu S. Klimow açylyş dabarasynda şeýle belläp geçdi: “Adam söwdasynyň görnüşleri barha üýtgeýär we, hatda, häzirki wagtda pandemiýa zerarly üýtgemelere sezewar bolan dünýäde, belki öňküsinden hem has köp. Hyzmat üpjün edijiler, polisiýa işgärleri we saglygy goraýyş işgärleri üçin ýokary hilli taýýarlyk, adam söwdasynyň pidalarynyň has netijeli kesgitlenmegine we goldawyň güýçlenmegine sebäp bolup biler. Habarlylygy ýokarlandyrmak we ortaça raýatlar tarapyndan jogapkärçilik duýgusyny ösdürmek maksady bilen halka bilim bermek bu işiň bir bölegidir. Adam söwdasynyň öňüni almakda we oňa garşy göreşmekde biziň hemmämiziň rolumyz bar.”

Bu duşuşyk, milli syýasatlaryň Palermo teswirnamasyna laýyk gelmegini we amaly we täsirli mehanizmleriň ornaşdyrylmagyny üpjün etmek üçin möhümdir.

###

USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän we Winrock International tarapyndan Gazagystanda, Gyrgyzystan Respublikasynda, Özbegistanda we Türkmenistanda amala aşyrylýan “Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa” Maksatnamasy, migrasiýa tejribesini kämilleşdirmek we ekspluatasiýanyň öňüni almak maksady bilen ýerli hökümetler, raýat jemgyýeti we hususy pudak bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýär.

###

USAID dünýädäki iň esasy halkara ösüş guramasy we ösüş pudagynda netijeleri gazanýan katalitik guramadyr. Has giňişleýin maglumat üçin https://www.usaid.gov/central-asia-regional we https://www.facebook.com/USAIDCentralAsia saýtlara girip görmegiňizi haýyş edýäris.