USAID türkmen meteorologlaryny howanyň şertleriniň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmaklykda goldaw berýär

Türkmenistan, Aşgabat, 2022-nji ýylyň 18-nji fewraly – ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň Döwlet gullugynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek taslamasy Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň gidrometeorologiýa baradaky gullugy bilen bilelikde öňdebaryjy awtomatlaşdyrylan meteorologiki ölçeg we maglumat tehnologiýalary boýunça Aşgabat şäheriniň we Lebap welaýatynyň hünärmenleri üçin bir hepdelik ikinji okuw maslahatyny geçdi.

Türkmenistanyň hökümeti howanyň üýtgemegine durnukly strategiýalary işläp taýýarlamaklyga we töwekgelçilikleriň peselmegine ägirt uly üns berýär. USAID Türkmenistanyň howa şertleriniň üýtgemegi boýunça milli strategiýalary ýerine ýetrimekligi goldaýar, şol bir wagtyň özünde raýatlara öz gündelik işlerinde ekologiki howpsuz usullary ulanmaklyga ýardam berýän ylmy-tehniki kararlara goldaw berýär.

Bu okuw maslahaty USAID-iň goldamagynda geçirilýän, howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen çäreleriň bir bölegi bolup durýar.

Ýyldan ýyla güýçlenýän howa şertleriniň üýtgemegi bütin dünýäde halklaryň durmuşyna we ýurtlaryň ykdysadyýetine täsir edýär. Takyk we ygtybarly howa maglumatlary hökümetlere we jemgyýete ýüze çykyp biläýjek adatdan daşky ýagdaýlara taýýarlyk görmäge ýardam berýär. Hepdäniň dowamynda geçirilen okuw maslahaty türkmen meteorologlaryny maglumatlary toplamagyň we seljermegiň öňdebaryjy usullaryny öwredip, howa maglumatlaryny çaklamaklygy gowulandyrmaga, taýýarlygy we howanyň üýtgemegine durnuklylygy berkitmekligi gowulandyrmaklyga ýardam berer.

Türkmenistanda ”Döwlet gullugynyň dolandyrylyşynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek taslamasy” (PDF 216 KB) USAID tarapyndan maliýeleşdirilip we QED Group LLC. tarapyndan ýerine ýetirilip, Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlykda, ýurtda döwlet edaralarynyň netijeliliginiň, hasabatlylygynyň we aýdyňlylygynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.

###

ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy (USAID) – dünýäde öňdebaryjy ösüş guramasy bolup, ösüş babatda netijeliligi gazanmaklyga ýardam berýän guramadyr. USAID-iň Merkezi Aziýada alyp barýan işi barada goşmaça maglumatlary Missiýanyň şu saýtyndan öwrenip bilersiňiz: https://www.usaid.gov/central-asia-regional.