2023-nji ýylyň 25-nji awgusty, Aşgabat, Türkmenistan — 2023-nji ýylyň 16-23-nji awgustynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentligi (USAID) we Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy (BSGG), Latwiýanyň Riga şäherine amala aşyran saparynyň barşynda, inçekesel boýunça bäş sany hünärmen üçin derman serişdelerine durnukly inçekeseli kliniki gözegçilikde saklamak boýunça okuwlary geçirdiler.
BSGG-niň Latwiýanyň Riga şäherindäki Hyzmatdaşlyk merkezi tarapyndan guralan hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýedi günlük okuw kursy, Türkmenistanyň Aşgabat şäheriniň we welaýatlarynyň ftiziatr lukmanlary üçin niýetlenen bolup, ýerlerde güýçli depginli işleri – ýagdaýlaryň interaktiw derňewini, tanyşdyryş saparlaryny, toparlaýyn ara alyp maslahatlaşmalary we tanyşdyryşlary geçirmek bilen, soňky çykan gollanmalary, maslahatlary we ylmy maglumatlary ornaşdyrmaklyga gönükdirilendir.
Bu tagallalaryň ählisi 2021-2025-nji ýyllarda Türkmenistanda inçekeseliň öňüni almak we onuň bilen göreşmek boýunça Milli maksatnamasyny ýerine ýetirmeklige ýardam berýär. Şonuň bilen bir hatarda, saglygy goraýyş işgärlerini yzygiderli okatmak bilen, derman serişdelerine durnukly inçekeseli bejermekde we kliniki gözegçilikde saklamakda innowasiýalar hakyndaky bilim, USAID agentliginiň inçekesele garşy göreşmek baradaky bütindünýä strategiýasynda we BSGG-niň “Inçekeseli ýok edeli” atly strategiýasynda göz öňünde tutulyşy ýaly, inçekeseli irki tapgyrda ýüze çykarmaga we kesel ýokan adamlaryň arasynda işjeň inçekeseliň ýitileşmeginiň öňüni almaga, şeýlelik bilen inçekeselli adamlaryň sanyny we ondan ölümliligi azaltmaga mümkinçilik berer.
###
USAID – halkara ösüş boýunça dünýäniň öňdebaryjy guramasy hem-de ösüş babatyndaky netijelere ýetmekde ýardam berýän katalizatordyr. USAID agentliginiň Merkezi Aziýada alyp barýan işi barada goşmaça maglumat almak üçin salgylanma: https://www.usaid.gov/central-asia-regional.