USAID we UNODC neşe serişdelerini ulanmagyň öňüni almak işlerine baha bermek maksatnamasy boýunça okuw geçirýär

people sitting at a table10-11-nji iýunda UNODC bilen hyzmatdaşlykda USAID neşe serişdelerini ulanmagyň öňüni almak işlerine gözegçilik etmek we baha bermek boýunça bäş Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Owganystan we Eýran syýasatçylary üçin sebitara okuwyny gurady. Okuw döwründe şu ýurtlarda baha bermek maksatnamalaryny meýilleşdirmek we olary ýerine ýetirmek usullary öwrenildi. Okuw maslahaty bolsa maksatnama ýerine ýetirilende kemçilikleri wagtynda ýüze çykarmak we olary ýerlikli düzetmek barada boldy.

Neşe serişdelerini ulanmagyň öňüni almak işlerine gözegçilik etmek we baha bermek Günorta we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin şu wagt möhüm mesele bolup galýar. Bu ýurtlar maksatnamany halkara standartlaryna laýyk güýçlendirmegi, sebitiň üýtgäp durýan şertlerine laýyk getirmegi we milli neşe serişdelerine gözegçilik işleri ýerine ýetirilende öňüni alyş çärelerini ýokary netijeli etmegi göz öňünde tutýarlar. Häzire çenli neşe serişdeleriniň öňüni almak maksatnamalarynyň diňe bäş göterimine baha berildi.