2023-nji ýylyň 4-nji awgusty, Aşgabat, Türkmenistan – Iýul aýynyň 27-28-ine ABŞ-nyň Halkara Ösüş Agentligi (USAID) we Bütindünýä Saglyk Goraýyş Guramasy (BSGG) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň (TSGDSM) inçekesel boýunça işleýän hünärmenleri üçin yzygiderli skrining barlagy we inçekeseliň öňüni alyş bejergisi boýunça okuw geçirdiler.
Bu okuw, USAID tarapyndan maliýeleşdirilýän we BSGG tarapyndan TSGDSM bilen bilelikde durmuşa geçirilýän “Merkezi Aziýada derman serişdelerine durnukly inçekeseliň (DR-TB) kämmilleşdirilen öňüni almagy, ýüze çykarmagy we bejermegi” atly Merkezi aziýa sebitleýin çäräniň çäginde toplumlaýyn maksatnamanyň bir bölegi bolup durýar. Bu okuw inçekesel boýunça iki sany belli bilermenler doktor Mihail Wolik we doktor Anişoar Ciobanu tarapyndan geçirildi.
Bilermenler inçekeseliň yzygiderli skrining barlagyny we öňüni alyş bejergisini geçirmek boýunça ýakynda işlenip düzülen, inçekeseli dürli maksatly töwekgelçilik toparlarynda, şeýle hem inçekeseliň ähli derejelerinde öňüni almakda inçekeseliň skrining barlagynyň usullaryna we algoritmlerine innowasion çemeleşmeleri girizýän Milli Gollanmany hödürlediler. Mundan başga-da, TSGDSM-niň hünärmenleri epidemiologiki ýagdaýy, BSGG tarapyndan teklip edilýän inçekesel ýokanjy boýunça innowasion synaglary gözden geçirdiler; köp dermanlara durnukly inçekeseliň öňüni alyş bejergisini we onuň netijelerini, şeýle hem gözegçilik we baha beriş usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu tagallalar, 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda inçekeseliň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça milli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine goşant goşýar. Mundan başga-da, inçekeseliň yzygiderli skrining barlagy we öňüni alyş bejergisi boýunça Gollanma lukmançylyk işgärlerini taýýarlamak bilen bir hatarda, USAID-yň inçekesele (TB) garşy göreşmek boýunça global strategiýasynda we BSGG “Inçekeseli aradan aýyrmak” strategiýasynda göz öňünde tutulşy ýaly, inçekeseli ir tapgyrda ýüze çykarmaga we ýokançlaryň arasynda işjeň inçekeseliň ösmegini peseltmäge we şol kesel sebäpli ölümi azaltmaga mümkinçilik berer.
###
USAID dünýäde halkara ösüş boýunça öňdebaryjy agentlik we ösüşiň netijelerine ýetmek üçin katalizator bolup durýar. USAID agentligiň Merkezi Aziýada alyp barýan işleri hakynda has giňişleýin maglumat almak, şu saýta girip görmegiňizi haýyş edýäris: https://www.usaid.gov/central-asia-regional .