2020-nji ýylyň 16-njy noýabry – Şu gün Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Guramasy (USAID) Merkezi Aziýada we beýleki ýurtlarda sebit söwdany we aragatnaşygy ösdürýän halkara çäre bolan onunjy Merkezi Aziýa söwda forumyny açdy. Şu ýyl geçirilýän bäş günlük wirtual çärä ABŞ, Owganystan, Gruziýa, Germaniýa, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Latwiýa, Litwa, Russiýa, Täjigistan, Türkiýe, Türkmenistan, Özbegistan, BAE, Angliýa, Ukraina ýaly 39 döwletlerden 4000 gatnaşyjy we 100 sany spiker gatnaşar.
Şu ýyl geçirilýän forumyň mowzugy “Merkezi Aziýa – Ösüş we Abadançylyk” bolup durýar. Bu çäre COVID-19-dan soňky ykdysady dikeliş döwründe Merkezi Aziýada emele gelýän tendensiýalaryna we bazaryň reaksiýalaryna bagyşlanýar. Wirtual çäre, Zoom, Facebook Live we YouTube ýaly birnäçe onlaýn platformalarda elýeterli bolup, Merkezi Aziýanyň söwdasynyň ösmegi üçin möhüm bolan gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen halkara we ýerli hünärmenleri, täze pikirleri öňe sürýän işewürleri öz çäginde jemleýär .
Gatnaşyjylar göni ýaýlymda geçirilýän onlaýn sessiýalara baglanyp sebitdäki üpjünçilik zynjyrlarynyň COVID-19-a uýgunlaşmasy, Merkezi Aziýada syýahatçylygyň dikeldilmesi, sebitdäki elektrik bazarynyň ösdürilmegi, sebitleýin elektron söwda kynçylyklary we mümkinçilikleri, döwlet we hususy pudaklaryň arasyndaky gepleşikler, sebitde zenanlaryň telekeçiligi ýaly we başga söhbetdeşliklere gatnaşyp bilerler.
Mundan başga-da, forum Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 20-den gowrak miwe we gök önüm öndürijiler üçin “Söwda Dünýäsi” forum-sergisiniň çäginde geçirilýän işewür gepleşik mümkinçiliklerini hödürleýär.
Çäräni açan ABŞ-nyň Gazagystandaky ilçisi William H. Moser: “On ýyl mundan ozal, bu söwda forumy söwda hyzmatdaşlygynyň ýokarlanmagynyň, has durnukly gülläp ösýän we birek-birege bagly Merkezi Aziýa pikirinden döredi. Söwda hiç wagt girdejisiz öýun bolmandyr. Bilelikde işläp aç-açanlyk, adalatlylyk ýaly häsiýetlere eýe bolan söwda gatnaşyklaryndan hemmeler peýdalanyp biler ” diýip belläp geçdi.
Waşington şäherinden foruma goşulan USAID-iň Aziýa býurosynyň dolandyryjysynyň kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Hawiýer Piýedra sözüniň üstüni ýetirdi: “USAID bu möhüm çäräni goldamaga dowam edýändigine buýsanýar we biz sebitde hem-de Owganystanda söwdany ösdürmäge, täze söwda gatnaşyklaryny döretmäge, Merkezi Aziýa we ABŞ-nyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmegi dowam ederis”.
Soňky on ýylda Merkezi Aziýa söwda forumy täze tendensiýalary öwrenmek, pikir alyşmak, gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen, 30-dan gowrak ýurdyň 5000-den gowrak hökümet işgärlerini, işewürlerini we bilermenlerini öz çäginde ýygnady. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwdanyň möçberi soňky on ýylda iki esse artyp, ýylyň dowamynda 6 milliard amerikan dollaryna barabar boldy.
USAID-iň «Bäsdeşlige ukyplylyk, söwda we iş orunlaryny döretmek» taslamasy bu çäräni, Özbegistandaky Amerikan Söwda palatasy, CERT akademiýasy, Logistika we ulag üçin kepillendirilen institut, Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş banky, Global sowuk zynjyr bileleşigi, Indy Guide, Kazlogistics, Lonely Planet, Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy, Logistikada we Transportda Zenanlar hem-de World Travel Market ýaly guramalar bilen bilelikde gurnady.
###
USAID ösüş maksatlaryny öňe sürýän dünýäde öňdebaryjy halkara ösüş guramasy bolup durýar. Has giňişleýin maglumaty USAID-iň Merkezi Aziýa web https://www.usaid.gov/central-asia-regional we Feýsbuk https://www.facebook.com/USAIDCentralAsia sahypalaryndan alyp bilersiňiz.