Wizalar

ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Konsullyk Bölümi adaty wiza hyzmatlary boýunça kabul edýär. Hyzmatlar üçin ýazgy elektron ulgamymyz arkaly elýeterlidir. Türkmenistanda halkara howa gatnawlaryň çäklidigini, we Ilçihana adamlara gitmek meselesi boýunça ýardam berip bilmeýändigini habar berýäris. Syýahata gitmezden ozal wizaňyzyň möhleti gutaran ýagdaýynda, wiza täzeden ýüz tutmaly we hemme tölegleri täzeden geçirmelidigni habar berýäris.

ABŞ-a syýahatçylardan COVID-19 sanjymynyň hökmany talaplary.

ABŞ-nyň çägine syýahat etmek isleýän ýolagçylara gitmezden öň, täzelenen COVID-19 çäklendirmelerine degişli maglumaty gözden geçirmegi maslahat berýäris.

Türkmenistandan daşyndaky wiza arzaçylar üçin maglumat!

Türkmenistanda hemişe ýaşamaýan daşary ýurt raýatlar üçin wiza hyzmatlaryna ýazuwy diňe elektron poçta arkaly amala aşyrylýär.  Daşary ýurtly dalaşgärler, duşuşygy bellemek üçin Türkmenistana gelip biljekdigi baradaky tassyknamany elektron poçta arkaly ibermelidirler. COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly dowam edýän çäklendirmeler sebäpli gysga möhletli myhman hökmünde Türkmenistana syýahat etmek gaty kyndygyny ýadyňyzdan çykarmaň.

Siziň ABŞ-na niýet eden saparyňyzyň maksady esasynda, ABŞ-nyň kanunyna laýyklykda berilýän wizanyň görnüşi kesgitlenilýär. Siz wiza yüz tutanyňyzda, şol wiza görnüşine degişli talaplara doly gabat gelýändigiňizi subut etmeli.

ABŞ-nyň wiza görnüşleri barada goşmaça maglumat elýeterlidir.

 

Daşary ýurdyň raýaty ABŞ-a girmek üçin wiza almaly.Wiza şol raýatyň pasportyna goýulýar.

ABŞ-na wizasyz baryp-gelmek talaplaryna laýyk gelýän käbir ýurtlaryň raýatlary ABŞ-na wizasyz girip bilerler. Şu internet sahypasynyň “Wizalar” bölümi ABŞ-a girmek üçin ABŞ-nyň wizasy barada maglumat hödürleýär.

(Bellik: ABŞ-nyň raýaty ABŞ-na girmek üçin wiza almaly däldirler, ýöne daşary ýurtlara gitmek üçin şol ýurdyň ilçihanasy tarapyndan berilýän wiza gerek bolmagy mümkin).

Elektron salgymyz: consularashgab@state.gov.

Wiza söhbetdeşliginiň senesini we sagadyny internet arkaly diňe Türkmenistanyň raýatlary we ýaşaýjylary belläp bilerler.

Wiza söhbetdeşliginiň wagtyny şu görkezilen salgyda belläp bilersiňiz: https://evisaforms.state.gov/default.asp?postcode=AKD&appcode=3.

Göz öňünde tutulmadyk gyssagly ýagdaý ýüze çykan wagty Siz elektron salgysy arkaly hat bilen, şol hatda gyssagly ýagdaýyň sebäbini düşündirip tiz wagtda wiza söhbetdeşligine ýazylmagy haýyş edip bilersiňiz.

Salgymyz:

ABŞ-dan poçta ugradylanda:
Department of State
7070 Ashgabat Place
Washington, D.C.
20521-7070

Başga ýurtlardan ugradylsa:
ABŞ-nyň ilçihanasy,
1984 (Puşkin) köçesi, 9-njy jaý,
Aşgabat ş., Türkmenistan 744000

Biz wiza ýüz tutýanlara şu aşakdakylary ýerine ýetirmäge söz berýäris:

  • Wiza berilmedik ýagdaýynda hem Size sarpa goýup mertebäňizi beýik saklamak.
  • Size şahsyýet hökmünde garap, siziň ýagdaýyňyz aýratyndygyny göz oňüne tutmak.
  • Wiza söhbetdeşligi Siz üçin täze hem howatyrlydygyna, we şol bir wagt Siziň tolgunýandygyňyzy düşünmek.
  • Söhbetdeşlige berilen çäkli wagtyň içinde, Siziň ABŞ-na gitmek niýetiňiz barada boldugyça köpräk maglumat edinmek.
  • Bar bolan ähli mümkinçilikleri adalatly ulanyp işewürlere , talyplara we başga möhüm işi bolan adamlara gysga wagtyň içinde wiza almagyna kömek etmek.
  • Wiza we wiza ýüz tutmak barada dogry we doly maglumaty ABŞ-nyň ähli Ilçihanalarynyň we Konsulluklarynyň internet sahypasynda köpçülige hödürlemek.
  • Immigrasiýa degişli bolmadyk wiza söhbetdeşligine garaşylmaly wagtbaradak ymaglumaty ABŞ-nyň ähli Ilçihanalarynyň we Konsulluklarynyň http://travel.state.gov internet sahypasynda köpçülige hödürlemek.
  • Wiza berilmedik ýagdaýynda Size sebäbini düşündirmek.

Şeýle hem biz:

  • Siz okuwçy wizasyna ýüz tutup wiza bermek talaplaryna doly gabat gelýän bolsaňyz, biz siziň wagtynda öz okuwyňyza başlap biler ýaly, mumkin boldugyça kömek ederis.
  • Lukmançylyk we ynsanperwerlik kömegi maksatly, ýa da adamyň janyna howp abanýan başga zerur we gyssagly ýagdaýlarda wiza ýüz tutýanlara gysga wagtyň içinde wiza söhbetdeşligine ýazylmaga kömek ederis.
  • Işewürler üçin niýetlenen wiza ýüz tutýanlara biz mümkin bolan serişdelerimizi ulanyp, ABŞ-nyň bähbitlerini göz öňünde tutup, wiza bermek işlerini tizlaşdyrarys.

Wiza ýüz tutýanlardan aşakdaky şertleri ýerine ýetirmeklerini haýyş edýäris:

  • ABŞ-na gitmek saparyňyzy boldugyça öňüräkden meýilleşdiriň.
  • Wiza soragnamasyny dogry hem doly dolduryň.
  • ABŞ-na saparyňyzyň maksatlary we meýilleriňiz barada dogryçyl boluň.
  • Söhbetdeşlik wagty ABŞ-a gitmek niýetiňiz barada doly hem anyk maglumat beriň.