ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda immigrasiýa wizasyna ýüz tutmak barada maglumat

Umumy maglumat

ABŞ-nyň raýaty bolan ýakyn garyndaşyňyz ýa-da ABŞ-daky iş berýän edara Size immigrasiýa wizasyny bermek barada ABŞ-nyň Raýatlyk we immigrasiýa gullugyna (USCIS ) haýyşnama (petisiýa) tabşyrmaly. Immigrasiýa wizasynyň dürli görnüşleri barada şu ýerde maglumat alyp bilersiňiz.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň immigrasiýa wiza bölümi diňe Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna immigrasiýa wizasyny berýär.

Immigrasiýa wizasyna ýüz tutmagyň umumy tertibi

  • ABŞ-nyň raýaty ýa-da ABŞ-daky iş berýän edara immigrasiýa wizasy üçin haýyşnamany (petisiýany) ABŞ-nyň Içeri howpsuzlyk ministrliginiň Raýatlyk we immigrasiýa gullugyna (USCIS) tabşyrmaly.
  • Şol gulluk petisiýa razylyk berip ony tassyklandan soň, resminamany Nýu Hempşir ştatynyň Portsmut şäherinde ýerleşýän Milli wiza merkezine (NVC) doly tamamlamak üçin iberýär. Ähli zerur resminalar ýygnalandan soň söhbetdeşlik wagty bellenilip, şol haýyşnama-petisiýa ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň konsullyk bölümine iberilýär.
  • Bellenilen senede wiza ýüz tutýan adam gelip wiza söhbetdeşliginden geçmeli. Wiza berilýän bolsa, ony ertesi güni alyp biler.
  • Käbir halatlarda wiza ýüz tutýanlardan goşmaça resminama talap edilip bilner. Şeýle ýagdaýda Konsul ýetmeýän resminamalar barada jikme-jik ýazylan gözükdirme berýär.

Immigrasiýa wizalaryň görnüşleri barada goşmaça maglumat aşakda görkezilen sahypada ýerleşdirilendir: https://travel.state.gov/content/visas/en/immigrate.html.

Aşgabatda geçirilýän immigrasiýa wiza söhbetdeşligi

Konsullyk bölümi immigrasiýa wizasy üçin söhbetdeşlikleri hepdede (ABŞ-nyň we Türkmenistanyň baýramçylyk günlerinden başga) bir gezek, çarşenbe güni geçirýär. Immigrasiýa wizasy üçin söhbetdeşlik wagty ABŞ-daky Milli wiza merkezi (NVC) tarapyndan bellenilýär. Ilçihananyň işgärleri immigrasiýa wizasyna ýüz tutýanlara söhbetdeşlik wagty barada öňünden habar bermeýär. ABŞ-daky Milli wiza merkezi (NVC) tarapyndan bellenilen söhbetdeşlikden öň soraglar ýüze çyksa bize aşakda görkezilen habarlaşmak usuly bilen ýüz tutup bilersiňiz:

Elektron poçta salgymyz: consularashgab@state.gov.

ABŞ-nyň Raýatlyk we immigrasiýa gullugynyň tölegi barada mohüm maglumat

2013-nji ýylyň 1-nji fewralyndan başlap immigrasiýa wizasyny alanlaryň ählisi ABŞ-nyň Raýatlyk we immigrasiýa gullugynyň tölegi bolan 165 ABŞ-nyň dollaryny tölemeli. Bu tölegi ABŞ-na gitmezden ozal tölemelidir. Gaaga Konwensiýasyna ýa da Ýetimler maksatnamasyna laýyklykda ogullyk ýa-da gyzlyk alynan we ABŞ-na barýan çagalar, ABŞ-nyň Hökümetine işläp Yrakdan we Owganystandan bolan we aýratyn görnüşli immigrasiýa wizasyny alan adamlar, yzyna gaýdyp barýan ABŞ-nyň hemişelik ýaşaýjylary we “K” görnüşli wiza alanlar täzelikde girizilen bu tölegden boşadylýar. Täzelikde girizilen bu töleg barada goşmaça maglumat hem-de ABŞ-nyň Raýatlyk we immigrasiýa gullugy bilen habarlaşmak üçin maglumat şu internet sahypasynda ýerleşdirilendir: http://www.uscis.gov/forms/uscis-immigrant-fee.