- Aşgabatda geçiriljek immigrasiýa wiza söhbetdeşligi üçin zerur resminamalar
- Lukmançylyk barlagyny geçmek boýunça gözükdirme
Immigrasiýa wiza söhbetdeşligine geleniňizde getirmeli resminamalaryň sanawy:
- Pasport: wiza ýüz tutýanlaryň her biri üçin daşary ýurda gitmek üçin berilen we ABŞ-na barandan soň möhleti azyndan 6 aýlyk bolan pasport (“zagranpasport”) hem-de pasportyň suratly sahypasynyň göçürmesini (kopiýasy) getirmeli;
- Immigrasiýa wizasy üçin soragnama: internet arkaly immigrasiýa wiza soragnamasyny doldurmak üçin şu ýere basyň;
- Dogluş hakynda şahadatnama: wiza ýüz tutýanlaryň her biri üçin dogluş hakynda şahadatnamanyň asyl nusgasyny, göçürmesini/kopiýasyny, iňlis diline edilen terjimesini getirmeli.
- Nika şahadatnamasy: nikada duranlar nika şahadatnamasynyň asyl nusgasyny, göçürmesini (kopiýasyny) getirmeli. Ozalky nikalary bolanlar: nika şahadatnamasynyň asyl nusgasyny, göçürmesini (kopiýasyny) hem de onuň iňlis diline edilen terjimesini, nika bozulanlygy barada şahadatnamanyň/ýan ýoldaşy ýogalan bolsa ölüm barada şahadatnamanyň asyl nusgasyny, göçürmesini (kopiýasy) hem-de onuň iňlis diline edilen terjimesini getirmeli;
- Lukmançylyk barlagynyň netijesi: Siziň geçen lukmançylyk barlagynyň netijelerini ýapyk bukjada getirmeli;
- Jenaýat jogapkäçiligine çekilendigiňiz ýa çekilmändigiňiz barada kepilnama: Jenaýat jogapkäçiligi barada kepilnama: bu kepilnamany, daşary ýurtlarda bir ýyldan köp ýaşan ýagdaýyňyzda, şol ýurtlaryň degişli edaralaryndan alnan kepilnamany bolmalydyr. Türkmenistan boýunça jenaýat jogapkärçiligi barada kepilnama elýeterli däldir, we immigraziýa wizasyna ýüz tutmak üçin, Türkmenistanyň kepilnamasy talap edilmez.
- Kazyýet karary hem jeza möhletini tamamlandygy barada resminalar: eger-de siz jenaýat jogapkärçiligine çekilip jeza çeken hem azatlykdan mahrum edilen bolsaňyz, şol ýagdaýa degişli ähli resminamalary (kazyýet kararyny hem jeza möhletini tamamlandygy barada resminalary) getirmeli;
- Harby gullugy barada resminama: harby gullugynda gulluk eden bolsaňyz, harby biletynyň asyl nusgasyny, hem de göçürmesini (kopiýasyny) getirmeli;
- Surat: 7 sany 5×5 sm ölçegli, ýerligi ak bolan surat getirmeli (şular ýaly suratyň 3 sanysy lukmançylyk barlagyny geçeňizde hem bermeli);
- Maddy üpçünçilik kepilnamasy: Siz üçin pesisiýa tabşyran ABŞ-daky maşgala agzasy immigrasiýa wizasy üçin ýüz tutýan her adama we onuň maşgala agzalaryna aýratyn doldurylyp gol çekilen I-864 resminamasynyň asyl nusgasyny we göçürmesini tabşyrmaly. Gelinlige/öýlenýän ýigide berilýän wiza görnüşi üçin I-134 resminamasy gerek. Eger de şol agzalan resminama Milli wiza merkezine (National Visa Center) öň tabşyrylan bolsa, onda söhbetdeşlige geleniňizde täzeden tabşyrmak gerek däl. I-864 resminamasy barada goşmaça maglumat üçin http://www.uscis.gov sahypasyna geçiň;
- Garyndaşlygy we gatnaşygy subut edip biljek resminamalar: suratlar, hat üsti ýazyşmalar we elekron poçta arkaly ýazylan hatlar, hem de pesisiýa tabşyran bilen gatnaşygyňyzy subut edip biljek beýleki resminamalar.