- Aşgabatda geçiriljek immigrasiýa wiza söhbetdeşligi üçin zerur resminamalar
- Lukmançylyk barlagyny geçmek boýunça gözükdirme
ABŞ-na hemişelik gitmek üçin wiza ýüz tutýan adamlaryň hemmesi medisina barlagyny geçmelidirler. Barlaga barmazdan öň arzaçylara lukman bilen wagt bellemegi maslahat berýäriz.
Ilçihananyň ygtyýarly lukmanynyň telefon belgisi hem salgysy aşakda gorkezilendir. Barlaga geleň wagtynda her adam öz pasportyny, 3 sany suratyny hem-de öňki alynan sanjymlar barada güwanamalary getirmeli. Sanjymlar barada güwanama lukman üçin möhüm resminamalaryň biridir. ABŞ-nyň kanuny boýunça, ygtyýarly lukman sanjymlaryň hemmesini alynandygyny güwä geçmelidir. Barlag geçmeli adam türkmençe ýa-da rusça bilmeýän bolsa, ýany bilen kämillik ýaşyna ýeten terjimeçi bilen gelmelidir.
ABŞ-na hemişelik ýaşamaga wiza ýüz tutýan adamlaryň ýaşyna seretmezden, hemmesi lukman barlagyndan geçmelidirler. Rentgen arkaly geçirilýän inçe kesel barlagyny hem-de serologiýa barlagyny 15 ýaşdan uly adamlar geçmelidirler. Käbir ýagdaýlarda 15 ýaşa ýetmediklerden hem talap edilip bilner.
Köp halatlarda medisina barlagyň netijeleri hem-de rentgen barlagy (şol wagt hem diskde CD bolup biler), ýapylan hat bukjasynda ýüz tutan adama berilýär. Lukmanyň beren ýapyk hat bukjasyny açmaly däldir. Berilen barlag netijesini söhbetdeşlige getirmelidir. Biziň ygtyýarly lukmanymyz ýa-da Konsulluk Gullugynyň işgäri size aýratyn görkezme bermese, siz rentgen suratyny (ýa-da diski CD) söhbetdeşlige getirmeli däl, ony ýanyňyz bilen ABŞ gideniňizde alyp gitmeli. Käbir halatlarda lukman barlagyň netijeleri göni Konsulluk Gullugyna-da iberilip biliner.
Lukmançylyk barlagy iki hepdä golaý wagt alyp biler. Ol barlagy diňe aşakdaky görkezilen Ilçihananyň ygtyýarly lukmany geçirip biler. Başga lukmanlara barlag geçirmäge ygtyýar berilenok. Lukman barlagyny ABŞ-da geçip bolmaýar. Immigrasiýa wizasyna ýüz tutulanda doly lukman barlagynyň netijesi bolmasa, wiza berilmez.
Berilen netijäniň hiline görä möhleti 6 aý bolýar. ABŞ-na gidilen wagtynda lukman barlagyň nejiseniň möhleti gutarmadyk bolmaly. Netijäniň möhleti 6 aý bolan ýagdaýynda wiza hem 6 aýlyk berilýär.
Tölegleriň hemmesini barlaga gelen wagtyňyzda nagt tölemelidir. Amerikanyň Hökümeti barlagyň çykdaýjylaryny tölemeýär. Barlagda doldyrylýan hemme resminamalary ygtyýarly lukmanyň özi berýär.
Biziň ygtyýarly lukmanymyzyň maglumaty:
Lukman Ulker Rozyýewa
Iş telefony: (+99312) 489027
Öýjükli telefony: (+99363) 329084
E-poçta salgysy: lodestar51968@gmail.com
Umumy medisina barlagy (lukmanyň seretmegi, rentgen etmek, serologic sifilis hem-de VIÇ keselleriniň barlagy) 230 Amerikan dollaryndan köp bolmaly däldir. Daşyndan goşmaça sanjymlara goşmaça töleg talap ediler.
ABŞ-nyň (9 FAM 42.66 Exhibit II) wiza kanuny esasynda su aşakdaky şertleri ýerine ýetirmelidir:
Wiza ýüz tutýan adamlaryň hemmesi soňky wagtda düşürilen 3 sany surat getirmeli. Surat getiren adamyňkydygyny lukman tarapyndan anyklanylýar. Onuň üçin ýüz tutýan adam ýany bilen hökman öz şahsyýetini anyklaýan resminama getirmelidir (passport ýa-da sürüjilik şahadatnamasyny). Bir suraty lukman biler gürüşeniňizde bermeli, hem-de şol surat DS-2053 (Medical Examination for Immigrant or Refugee Applicant) resminasyna berkidilýär. Galan iki suraty gan barlag nejisesine, hem-de rentgen barlag netijesine birikdirilýär.