- Aşgabatda geçiriljek immigrasiýa wiza söhbetdeşligi üçin zerur resminamalar
- Lukmançylyk barlagyny geçmek boýunça gözükdirme
- Türkmenistanda jenaýat jogapkärçiligine çekilendigi ýa çekilmedigi barada güwanama
ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy, immigrasiýa wizasyny alýan raýatlar üçin talap edilýän, Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan berilýän jenaýat jogapkärçiligi baradaky güwanamany almagy üçin ýardam edýär. Eger-de Siz Türkmenistanyň çäginde 6 aýdan köp ýaşan bolsaňyz, we hem-de Siz ABŞ-nyň immigrasiýa wizasyna ýüz tutýan bolsaňyz, jenaýat jogapkärçiligi barada güwanama almak üçin haýyşnama ibermeli. Şol haýyşnamany biziň elektron poçta adresimize: consularashgab@state.gov şu aşakda sanalan maglumaty bize ibermeli:
- Immigrasiýa wiza ýüz tutmaga esas bolan resminamanyň skanerden göçürmesi (tassyklanan I-130 haýyşnamasynyň nusgasy, immigrasiýa lotereýasyny utuş haty ýa-da söhbetdeşlige çakylyk);
- Adyňyz, familiýaňyz, edil pasportda ýazylşy ýaly bolmaly; Rus hem Iňlis dilinde;
- Başga adynyz, ýa-da familiýaňyz (mysal üçin durmuşa çykmakaňyz we ş.m.);
- Doglan senaňiz: gün-aý-ýyl görnüşinde; doglan ýeriniz, doglan ýurdyňyz;
- Türkmenistanda häzirki ýa-da sonky ýaşan salgyňyz – Rus hem Iňlis dilinde.
Möhüm maglumat: jenaýat jogapkärçilik güwanama haýyşyňyzda ýokarda görkezilen maglumatyň doly hem-de wagtynda iberilmezligi, resminamanyň gijikmegine sebäp bolup biler.
Resminamanyň taýýarlanmagy umuman 6 hepde alýar. Örän köp möçberli haýyşnamalaryň gelýänligi sebäbli, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Konsulluk bölümi 6 hepde möhleti bolmadyk jenaýat jogapkärçilik güwanama haýyşlaryna degişli hatlaryna jogap bermez.