DW (Grin Kard) wizasy barada maglumat

Her ýylda ABŞ-nyň Grin Kard Lotereýa meýilnamasy, ABŞ-a immigrasiýa derejesi az bolan ýurtlarda doglan 55 000 adama, ABŞ-a hemişelik gitmek mümkinçiligini berýar. Şu lotereýada utujy saýlama kompýuter arkaly geçirilýär we utujylaryň sany dünýa boýunça alty geografik regionlara paýlanylýar. Utujularyň köp göterimi, ABŞ-a immigraziýa az baran ýurtlarda dogulan adamlara berilýär. Utan adamlara, olaryň indiki etmeli ädimleri barada ýörite gözükdirme ulgam arkaly beriler. DW lotereýa barada giňişleýin maglumat berkidilen şu salgyda elýeterlidir.

DW-2024 lotereýasy

DW-2024 meýilnamasyna gatnaşmak isleýanleriň soragnamasy internet arkaly 2022-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan başlap, 8-njy noýabra çenli kabul edilýär. Gatnaşyjylar soragnamany diňe bir gezek tabşyryp bilerler, bir gezekden köp tabşyrylsa, gatnaşmak hukugyny ýitirýarler. DW-2024 meýilnama barada giňişleýin maglumat şu salgyda elýeterlidir. Iňlis dilinde berilen DW-2024 gözükdirmesi (PDF 374 KB) ýeketäk resmi gözükdirmesidir.

Möhüm maglumat: kezzapçylykdan we hilegärlikden ägä boluň!
Internet ulgamyndaky kezzapçylykdan we aldawa salýan sahypalardan, ýa-da elektron poçta arkaly gelýän nädogry maglumaty, resmi maglumat ýaly görkezip aldawa salýan internet sahypalardan seresap boluň we giňişleýin maglumat bilen şu salgyda tanyşyp bilersiňiz. DW-2024 gatnaşmak üçin internet arkaly tabşyrylýan elektron soragnamany özüňiziň doldyrmagyny maslahat berýäris. Soragnamany doldyrmak aňsat hem tölegsizdir.

DW meýilnamasynda utuş gazananlar üçin giňişleýin maglumat şu ýerde elýeterlidir.

DW wiza söhbetdeşlik üçin zerur resminamalaryň sanawy: 

  1. Pasport (asyl nusga, kopiýa), pasportyňyzyň möhleti 6 aýdan köp bolmalydyr.
  2. DS-260 anketasynyň ştrih-kodly sahypasy
  3. Surat 2 sany (ululygy 5X5 sm)
  4. Dogluş şahadatnama (asyl nusgasy, kopiýasy we berkidilen iňlis diline terjimesi)
  5. Nika baglaşandygy ýa-da nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnama, ölüm şahadatnamasy (asyl nusgasy, kopiýasy we berkidilen iňlis diline terjimesi)
  6. Lukmançylyk barlagynyň netijeleri bilen möhürlenen bukja (lukmançylyk barlagyny söhbetdeşlikden öň geçmeli).
  7. 16 ýaşdan soň 12 aýdan gowrak ýaşan daşary ýurtlaryndan (Türkmenistandan başga) jenaýat jogapkärçiligine çekilmedigi barada şahadatnama (asyl nusgasy, iňlis diline terjimesi)
  8. Jenaýat jogapkärçiligine çekilendigi ýagdaýynda: kazyýet karary hem jeza möhletini tamamlandygy barada resminalar (kazyýet kararyny hem jeza möhletini tamamlandygy barada resminalary) getirmeli – (asyl nusgasy, iňlis diline terjimesi)
  9. Harby gullugy barada resminama: harby gullugynda gulluk eden bolsaňyz, harby biletynyň (asyl nusgasy, kopiýasy we berkidilen iňlis diline terjimesi)
  10. Bilim barada resminamalar: Orta bilim şahadatnamasy (asyl nusgasy, iňlis diline terjime), we orta mekdepden soň alynan bilim barada degişli diplomlar (asyl nusgasy, kopiýasy we berkidilen iňlis diline terjimesi). Söhbetdeşlikden soň goşmaça resminalar talap edip biliner.
  11. Söhbetdeşlik güni wiza tölegi 330 Amerikan dollary, her bir maşgala agzasyna aýratynlykda we nagt görnüşinde tölemeli.

ABŞ-nyň çägine berýanlar üçin COVID-19 keseline garşy sanjym talaplary barada maglumat:
https://www.cdc.gov/coronavirus/2019-ncov/travelers/proof-of-vaccination.html#covid-vaccines