Wiza soragnamaňyzyň ýagdaýyny barlamak

  1. Söhbetdeşlik
  2. Wiza soragnamaňyzyň ýagdaýyny barlamak
  3. Söhbetdeşlikden soň

Söhbetdeşligiň soňunda Konsul wiza almak üçin dolduran soragnama-haýyşyňyz kanagatlanandygyny ýa-da kanagatlanmandygyny Size habar berer.

Käbir wiza ýüz tutýan adamlaryň wiza soragnamasy Konsul bilen söhbetdeşlik geçireniňizden soň goşmaça dolandyryş işlerine degişli bolup durýar, we şol sebäpli söhbetdeşlikden soň netije çykarmak goşmaça wagt alýar. Wiza ýüz tutulanda şular ýaly ýagdaý ýüze çyksa wiza ýüz tutýan habardar edilýär. Köp halatlarda, soragnamanyň goşmaça dollandyryş işleri 60 güne çenli çekip biler. Jogap berilmegiň anyk wagty her adamyň aýratyn ýagdaýyna baglydyr. Wiza soragnamaňyzyň ýagdaýyny ceac.state.gov internet sahypasynda barlap bilersiňiz.

Eger-de Size wiza berilmedik bolsa goşmaça maglumaty usvisas.state.gov sahypasynda tapyp bilersiňiz.