Söhbetdeşlik

usvisas.state.gov internet sahypasyndaky “Başga ýurtlardan gelýän immigrantlar üçin wiza lotereýasy” boýunça “Wiza almak üçin edilmeli işler” bölüminde görkezilen ähli ädimleri ýerine ýetireniňizden soň, şol sanda Immigrasiýa wizasy üçin DS-260 resminamasyny tabşyranyňyzdan soň, Milli wiza merkezi Size elektron hatyny ugradyp söhbetdeşligiň bellenendigini habar berer. Şol hatda Size “Başga ýurtlardan gelýän immigrantlar üçin wiza lotereýasy” bilen baglanşykly dolduran resminamanyzyň tassyknama belgisini “Electronic Diversity Visa (E-DV)” internet sahypasyna geçip “Entrant Status Check” bölüminde girizip Siz üçin bellenilen söhbetdeşligiň senesi, wagty we ýeri barada maglumat alyp bilýändigiňiz habar ediler.

Söhbetdeşlik barada doly maglumat usvisas.state.gov sahypasynda ýerleşdirilendir.