ABŞ-nyň Immigrasiýa kanunyna, hususan-da ABŞ-nyň Immigrasiýa we raýatlyk kanunyna laýyklykda, her maliýe ýyly boýunça (oktýabryň 1-den sentýabryň 30-na çenli) ähli bildirilen talaplara gabat gelýänlere ABŞ-da işe ýerleşmegiň esasynda 140 000-e golaý Immigrasiýa wizasy berilýär. Işe ýerleşmegiň esasynda berilýän immigrasiýa wizalaryň bäş artykmaçlykly/preferensiýa görnüşi bar. Belli bir iş immigrasiýa wizasyny alanlaryň ýan ýoldaşy we çagalary şol iş immigrantlaryň ýany bilen ABŞ-na gidip bilerler. Işe ýerleşmegiň esasynda berilýän immigrasiýa wizalaryň bäş görnüşi barada giňişleýin maglumat üçin usvisas.state.gov sahypasyna geçiň.
ABŞ-da işe ýerleşmegiň esasynda berilýän immigrasiýa wizasyna ýüz tutmak üçin usvisas.state.gov sahypasyndaky “Immigrasiýa wizasy boýunça edilmeli işler” bölüminde görkezilen ädimleri ýerine ýetirmeli. Şol ýerde agzalan ädimleriň ählisini ýerine ýetireniňizden soň Milli wiza merkeziniň (National Visa Center (NVC)) ugradan görkezmelerini okap şu internet sahypasynda berilen maglumat bilen tanyşyň.