Maşgala agzasy hökmünde ABŞ-da hemişelik ýaşamaga rugsat berýän immigrasiýa wizasy

ABŞ-nyň Immigrasiýa kanunyna, hususan-da Immigrasiýa we raýatlyk kanunyna laýyklykda, maşgala agzalaryna berilýän we hemişelik ýaşamaga rugsat berýän immigrasiýa wizalaryň iki görnüşi bar: biri – ýakyn garyndaşlar üçin, ikinjisi – immigrasiýa wizasyna ýüz tutmaga artykmaçlyk hukugy bolan beýleki maşgala agzalary üçin wiza bar. Immigrasiýa wizalarynyň şu iki görnüşi hem-de Grin Kard lotereýasy esasynda berilýän wizalar, we başga görnüşli immigrasiýa wizalary barada giňişleýin maglumat usvisas.state.gov internet sahypasynda “Wiza görnüşleri barada gözükdiriji” bölüminde elýeterlidir.

ABŞ-da hemişelik ýaşamaga rugsat berýän immigrasiýa wizasyna ýüz tutmak üçin usvisas.state.gov sahypasyndaky “Immigrasiýa wizasy boýunça edilmeli işler” bölüminde görkezilen ädimleri ýerine ýetirmeli. Şol ýerde agzalan ädimleriň ählisini ýerine ýetireniňizden soň Milli wiza merkeziniň (National Visa Center-NVC) tarapyndan ugradan görkezmelerini okap, şu internet sahypasynda berilen maglumat bilen tanyşmalydyr.

Immigrasiýa wizasy üçin Aşgabatdaky ABŞ-nyň Ilçihanasyna söhbetdeşlige geleňizde getirmeli resminamalaryň sanawy:
  1. Pasportyňyz, daşary ýurda gitmek üçin berilen pasport (“zagranpasport”), we möhleti azyndan 6 aý bolmaly hem-de pasportyň göçürmesi (kopiýasy);
  2. Immigrasiýa wizasy üçin soragnama: internet arkaly immigrasiýa wiza soragnamasyny doldurmak üçin şu ýere basyň;
  3. Dogluş hakynda şahadatnama: wiza ýüz tutýanlaryň ählisi dogluş hakynda şahadatnamasynyň asyl nusgasyny, göçürmesini (kopiýasyny) hem de onuň iňlis dili terjimesini getirmeli.
  4. Nika şahadatnamasy: maşgalalylar nika şahadatnamasynyň asyl nusgasyny, göçürmesini (kopiýasyny) hem de onuň iňlis dili terjimesini getirmeli. Ozalky nikalary bolan ýagdaýynda, öňki nika şahadatnamasynyň asyl nusgasyny, göçürmesini (kopiýasyny) hem de onuň iňlis dili terjimesini, nika bozulanlygy barada şahadatnamanyň/ýan ýoldaşy ýogalan bolsa ölüm barada şahadatnamanyň asyl nusgasy, göçürmesini (kopiýasy) hem de onuň iňlis diline edilen terjimesini, getirmeli;
  5. Lukmançylyk barlagynyň netijesiSiziň geçen lukmançylyk barlagynyň netijelerini ýapyk bukjada getirmeli;
  6. Jenaýat jogapkäçiligi barada kepilnama: bu kepilnamany, daşary ýurtlarda bir ýyldan köp ýaşan ýagdaýyňyzda, şol ýurtlaryň degişli edaralaryndan alnan kepilnamany bolmalydyr. Türkmenistan boýunça jenaýat jogapkärçiligi barada kepilnama elýeterli däldir, we immigraziýa wizasyna ýüz tutmak üçin, Türkmenistanyň kepilnamasy talap edilmez;
  7. Kazyýet karary hem jeza möhletini tamamlandygy barada resminalar: eger-de siz jenaýat jogapkärçiligine çekilip jeza çeken hem azatlykdan mahrum edilen bolsaňyz, şol ýagdaýa degişli ähli resminamalary (kazyýet kararyny hem jeza möhletini tamamlandygy barada resminalary) getirmeli;
  8. Harby gullugy barada resminama: harby gullugynda gulluk eden bolsaňyz, harby biletynyň asyl nusgasyny, göçürmesini (kopiýasyny) hem de onuň iňlis diline edilen terjimesini getirmeli;
  9. Surat: 7 sany 5×5 sm ölçegli, ýerligi ak bolan surat getirmeli (şular ýaly suratyň 3 sanysy lukmançylyk barlagyny geçeňizde hem bermeli);
  10. Maddy üpçünçilik kepilnamasy: Siz üçin petisiýa tabşyran ABŞ-daky maşgala agzasy Immigrasiýa wizasy üçin ýüz tutýan her adama we onuň maşgala agzalaryna aýratyn doldurylyp gol çekilen I-864 resminamasynyň asyl nusgasyny we göçürmesini tabşyrmaly. Gelinlige/öýlenýän ýigide berilýän K wiza görnüşi üçin I-134 resminamasy gerek. Eger de şol agzalan resminama Milli wiza merkezine (National Visa Center) öň tabşyrylan bolsa, onda söhbetdeşlige geleniňizde täzeden tabşyrmak gerek däl. I-864 resminamasy barada goşmaça maglumat üçin http://www.uscis.gov sahypasyna geçiň;
  11. Garyndaşlygy we gatnaşygy subut edip biljek resminamalar: suratlar, hat üsti ýazyşmalar we elekron poçta arkaly ýazylan hatlar, hem de petisiýa tabşyran bilen gatnaşygyňyzy subut edip biljek beýleki resminamalar.