Söhbetdeşlik

Usvisas.state.gov internet sahypasynda görkezilşi ýaly Gelinlige/öýlenjek ýigide berilýän wiza ýüz tutmak üçin ähli resminamalary Milli wiza merkezine tabşyranyňyzdan soň (şol sanda ähli tölegleri töläp, Immigrasiýa wizasy üçin DS-160 resminamasyny, maddy üpjünçiligi kepillendirýän resminamalary, we ş.m. tabşyryp), Siziň işiňize serediler. Işiňiz ähli talaplara laýyk gelen ýagdaýynda, Milli wiza merkezi tarapyndan söhbetdeşlik günüňiz barada habar beriler.

Söhbetdeşlik barada doly maglumat usvisas.state.gov  sahypasynda elýeterlidir.

Gelinlik/öýlenjek ýigit wiza söhbetdeşligi üçin gerek resminamalar

(Bu resminamalar ABŞ-na gitjek HER BIR maşgala agzasyna aýry jemlenmelidir)

  1. Pasportyňyz, daşary ýurda gitmek üçin ukyply pasport bolmaly (“zagranpasport”), we möhleti azyndan 6 aý bolmaly, hem-de pasportyň göçürmesi (kopiýasy);
  2. Wiza üçin DS-160 soragnamany Internetden  https://ceac.state.gov/GenNIV/ salgysy arkaly dolduryp tabşyrmaly.
  3. Dogluş hakynda şahadatnama: wiza ýüz tutýanlaryň ählisi dogluş hakynda şahadatnamasynyň asyl nusgasyny, göçürmesini (kopiýasyny) hem de onuň iňlis dili terjimesini getirmeli.
  4. Nika/nikany bozulandygy/ölüm barada şahadatnamasy: öň nikada duran ýagdaýynda, öňki nika şahadatnamasy, we nika bozulandygy barad, ýa-da ölüm barada şahadatnamanyň asyl nusgasyny, göçürmesini (kopiýasyny) hem-de onuň iňlis dili terjimesini getirmeli;
  5. Lukmançylyk barlagynyň netijesiSiziň geçen lukmançylyk barlagynyň netijelerini ýapyk bukjada getirmeli;
  6. Jenaýat jogapkäçiligi barada kepilnama: bu kepilnamany, daşary ýurtlarda bir ýyldan köp ýaşan ýagdaýyňyzda, şol ýurtlaryň degişli edaralaryndan alnan kepilnamany bolmalydyr. Türkmenistan boýunça jenaýat jogapkärçiligi barada kepilnama elýeterli däldir, we immigraziýa wizasyna ýüz tutmak üçin, Türkmenistanyň kepilnamasy talap edilmez;
  7. Kazyýet karary hem jeza möhletini tamamlandygy barada resminalar: eger-de siz jenaýat jogapkärçiligine çekilip jeza çeken hem azatlykdan mahrum edilen bolsaňyz, şol ýagdaýa degişli ähli resminamalary (kazyýet kararyny hem jeza möhletini tamamlandygy barada resminalary) getirmeli;
  8. 7 sany 5×5 sm ölçegli, ýerligi ak bolan surat getirmeli (şular ýaly suratyň 3 sanysy lukmançylyk barlagyny geçeňizde hem bermeli);
  9. Wiza anketasynyň tölegi: 265 ABŞ-nyň dollaryny nagt görnüşde tölemeli;
  10. Gelinligiňiz/öýlenjek ýigidiňiz bilen gatnaşygyňyzy subut edip biljek suratlar, hat üsti ýazyşmalar we elekron poçta arkaly ýazylan hatlar hem de beýleki resminamalary getirmeli.