ABŞ-nyň hemişelik ýaşaýjylary (LPR) ýa-da şertli ýagdaýdaky hemişelik ýaşaýjylary (СR) ABŞ-nyň çäginiň daşynda bir ýyldan köp wagt bolan ýagdaýynda, ýa da ABŞ-nyň çägine täzeden girmek baradaky rugsatnamanyň möhleti gutaran halatynda, olar ABŞ-na gaýdyp barmak we ABŞ-nyň hemişelik ýaşaýjylary statusyny gaýtaryp almak üçin täzeden immigrasiýa wizasyna ýüz tutmalydyrlar. Bu görnüşdäki wizalar barada giňişleýin maglumat usvisas.state.gov salgysynda ýerleşdirilendir.