Okuw we alyş-çalyş maksatnamasyna gatnaşyjylar üçin wiza

Okuwçy (F-1/M-1) we alyş-çalyş maksatnamalaryna gatnaşýanlar üçin niýetlenen bu wiza ähli talaplara laýyk gelýän dalaşgärlere ABŞ-nyň ýokary okuw jaýlarynda okamaga mümkinçilik berýär. ABŞ dünýäniň ähli künjeklerinden gelen talyplara müňlerçe dürli maksatnamalardyr meýilnamalary, ýokary hilli bilim bermek bilen dünýäde abraý gazanan okuw jaýlarynda bilim almak mümkinçiligini hödürleýär. ABŞ-da her dürli ylym we bilim derejesini almaga isleg bildirseňiz, ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň “EducationUSA” internet sahypasynda goşmaça maglumaty tapyp bilersiňiz.

Alyş-çalyş maksatnamalara gatnaşyjylar üçin niýetlenýän wiza maksatnamasy (J1) daşary ýurtly dalaşgärlere ABŞ-na baryp tejribe toplamaga köp sanly mümkinçilikler berýär. Köp ugurly maksatnamalar daşary ýurtly raýatlara birnäçe hepdäniň ýa birnäçe ýylyň dowamynda ABŞ-da okatmaga, okamaga, ylym işini alyp barmaga, öz ukyplaryny ýokarlandyrmaga, iş üstinde hünär owrenmäge mümkinçilik hödürleýärler. Bu maksatnamalar, maksatnamalaryň howandarlary we beýleki goşmaça maglumat üçin j1visa.state.gov internet sahypasyna geçiň.

ABŞ-nyň “B” görnüşli wizasy bolan raýatlar ýa-da wizasyz ABŞ-na baryp-gelmek barada şertnama baglaşan ýurtlaryň raýatlary ýokarda agzalan maksatnamalara gatnaşmak üçin wiza almalydyrlar. Okamak niýeti bilen ABŞ-na barýanlaryň okuwçy wizasy (F-1 ýa M-1) bolmalydyr. Goşmaça maglumat üçin, “ABŞ-na baryp-gelmek barada şertnama baglaşan ýurtlar maksatnamasy” bölüme geçiň.

ABŞ-na “B” görnüşli wiza bilen baranlar diňe gysga möhletlik höweslendirme okuw kurslaryna gatnaşyp bilerler. Şolar ýaly gysga möhletlik höweslendirme okuw kurslary bilim ýa ylmy dereje bermeýän bolsa onda ABŞ-na “B” görnüşli wiza bilen girmek mümkin. Giňişleýin maglumat üçin “Syýahatçylyk maksatly wizalar” bölümine geçiň.

“B” görnüşli wizalar, okuwyň möhleti az hem bolsa, ABŞ-da okap dereje almaga rugsat bermeýär. Meselem, uzakdan internet arkaly okuwda okaýanlar ABŞ-da ýerleşýän okuw jaýyna gysga wagtlyk baryp okuwa degişli çärelere gatnaşmak üçin hökman okuwçy “F-1” wizasyny almaly.