- Wiza ýüz tutmak
- Wiza soragnamaňyzyň ýagdaýyny barlamak
- Söhbetdeşlikden soňra
Alyş-çalyş maksatnama gatnaşyjylar üçin maglumat
Kä bir görnüşli alyş-çalyş maksatnamasyna gatnaşmaga saýlanyp alnan bolsaňyz, siz maksatnama tamamlanandan soň, öz ýurdyňyza dolanyp iki ýyl ýaşamak şerti ýerine ýetirmäge boýun alýarsyňyz. Ýagny, Siz yzyňyza dolanyp iki ýyl öz ýurdyňyzda ýaşamasaňyz, aşakdaky sanawda görkezilenleri amala aşyryp bilmersiňiz:
- ABŞ-da saparda bolan wagtyňyz wizaňyzy wagtlaýyn işgär (H görnüşine) ýa-da bir kompaniýadan başga bir kompaniýa işlemäge geçen işgär (L görnüşine), ýagny immigrasiýa degişli bolmadyk iş wizasyna öwürmek;
- ABŞ-da saparda bolan wagtyňyz wizaňyzy hemişelik ýaşamak rugsadyny berýän immigrasiýa wizasyna (LPR) öwürmek;
- ABŞ-nyň Ilçihanasyna ýa Konsullygyna baryp immigrasiýa wizasyny almak;
- ABŞ-nyň Ilçihanasyna ýa Konsullygyna baryp wagtlaýyn işgär üçin H görnüşli, bir kompaniýadan başga bir kompaniýa işlemäge geçen işgär üçin L görnüşli ýa-da gelinlik/öýlenýän ýigit üçin K görnüşli wizalary almak.
Goşmaça maglumat üçin usvisas.state.gov salgy boýunça “Alyş-çalyş maksatnamalara gatnaşyjylar üçin wiza” sahypasyna geçiň.
Alyş-çalyş maksatnama gatnaşyjylar üçin goşmaça maglumat
- Biz Size wiza beriljekdigini kepil geçip bilmeýäris. Şol sebäpli, sapara degişli çykdaýjylary (ýol petek we ş.m.) diňe wiza alnandan soň etmegiňizi maslahat berýäris.
- Iş mümkinçilikleri barada maglumat üçin, ABŞ-nyň Raýatlyk we immigrasiýa gullugynyň “Alyş-çalyş maksatnama gatnaşyjylar” we “Iş rugsady” sahypalaryna geçiň.
Ýan ýoldaş we çagalar:
- Alyş-çalyş maksatnama tarapyndan rugsat berilen bolsa, Siziň ýan ýoldaşyňyz we kämillik ýaşyna ýetmedik öýlenmedik/durmuşa çykmadyk çagalaryňyz J-2 wizasyna Siz bilen bilelikde, ýa-da soňrak ýüz tutup maksatnamanyň möhleti boýunça Siz bilen ABŞ-da bolup bilerler. Maşgala agzalaryňyza SEVIS tölegi alynmaýar, eýsem maksatnamany gurnaýan edara olaryň hersine aýratyn DS-2019 resminamasyny ibermelidir. Maşgala agzalaryňyz wiza söhbetdeşligine gelende ýany bilen şol DS-2019 resminamasyny, alyş-çalyş maksatnamasyna gatnaşýan ýan ýoldaşyna berilen J-1 görnüşli wizanyň göçürmesini (kopiýasyny) hem-de garyndaşlygyňyzy subut edýän resminamalary getirmeli.
- Kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryňyza berilen J-2 görnüşli wiza esasynda olar ABŞ-da mekdepde okap bilerler, ýagny olara aýratyn F-1 wiza gerek bolmaz.
- Eger wiza ýatyrylmadyk bolsa, şol wiza tä öz möhletini tamamlaýan wagtyna çenli güýjini saklaýar. Meselem, wiza duran pasportyň möhleti gutaryp onda goýlan wizanyň möhleti gutarmadyk bolsa, şol wiza öz güýjini saklaýar; we şu ýagdaýda Siz täze pasport alyp, möhleti gutarmadyk wiza goýlan köne pasportyňyz bilen ABŞ-na baryp bilersiňiz.
Okuwçy wizasyna ýüz tutýanlar üçin goşmaça maglumat
- Biz Size wiza beriljekdigini kepil geçip bilmeýäris. Şol sebäpli, sapara degişli çykdaýjylary (ýol petek we ş.m.) diňe wiza alnandan soň etmegiňizi maslahat berýäris. Iş mümkinçilikleri barada maglumat üçin, ABŞ-nyň Raýatlyk we Immigrasiýa Gullugynyň “Okuwçylar we Iş mümkinçilikleri” hem-de “I-765 Iş rugsadyny almak düzgünleri” sahypalaryna geçiň.
- ABŞ-nyň çäginden daşynda bolup okuwa 5 (bäş) aý we has köp wagtlap barmaýanlar ABŞ-na täzeden girmek üçin okuwçy wizasyna täzeden ýüz tutmaly.
Ýan ýoldaş we çagalar:
- Siziň ýan ýoldaşyňyz we kämillik ýaşyna ýetmedik, öýlenmedik/durmuşa çykmadyk çagalaryňyz F-2 ýa M-2 wizalaryna ýüz tutup okuwyňyzyň dowam edýän möhleti boýunça Siz bilen ABŞ-da bolup bilerler. Maşgala agzalaryňyza SEVIS tölegi alynmaýar, eýsem okajak okuw jaýyňyz olaryň hersine aýratyn I-20 resminamasyny ibermelidir. Maşgala agzalaryňyz wiza söhbetdeşligine gelende ýany bilen şol I-20 resminamasyny, okuwa barýan ýan ýoldaşyna berilen F-1 ýa M-1 görnüşli wizanyň göçürmesini (kopiýasyny) hem-de garyndaşlygyňyzy subut edýän resminamalary getirmeli.
- Kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryňyz Siziň okuwyňyzyň dowam edýän möhleti boýunça ABŞ-da mekdepde okap bilerler.
- Eger wiza ýatyrylmadyk bolsa, şol wiza tä öz möhletini tamamlaýan wagtyna çenli güýjini saklaýar. Meselem, wiza duran pasportyň möhleti gutaryp onda goýlan wizanyň möhleti gutarmadyk bolsa, şol wiza öz güýjini saklaýar; we şu ýagdaýda Siz täze pasport alyp, möhleti gutarmadyk wiza goýlan köne pasportyňyz bilen ABŞ-na baryp bilersiňiz.